Taýson Fýuri üçünji gezek boks karýerasyny tamamlaýar

  • 14.01.2025 13:12
  • 7.4k+

Super agyr agramda öňki dünýä çempiony britaniýaly Taýson Fýuri professional karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Ol muny karýerasynda eýýäm üçünji gezek edýär.

“Hemmäňize salam. Gysgaça aýdaýyn: men boksda karýeramy tamamlaýandygymy habar berýärin. Bu gyzgalaňly boldy we men her minutdan lezzet aldym. Ýöne men şunuň bilen jemlemek isleýärin” – diýip, türgen Instagram sahypasynda ýazdy.

Mundan öň Fýuri 2016-njy we 2022-nji ýylda boksdan el üzdi – birinji gezek öňki dünýä çempiony Wladimir Kliçkodan üstün çykandan soň (emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen) we gadagan edilen maddalary ulanmagy bilen bagly dawadan soň, ikinji gezek – angliýaly Dillian Uaýty ýeňenden soň. Soňky gezek ol öz çözgüdini Deonteý Uaýlder bilen trilogiýada ýeňiş gazanandan soň güýçli garşydaşynyň galmandygy bilen delillendirdi.
Fýuri karýerasynda soňky iki söweşini ukrainaly Aleksandr Usike garşy geçirdi. 2024-nji ýylyň maý aýynda bolan birinji söweşde emin agzalarynyň tapawutly karary bilen ýeňildi, soňra şol ýylyň dekabr aýynda eýýäm biragyzdan ses berilmegi bilen ýeňildi.
36 ýaşly Fýuri professional ringde 37 söweşe gatnaşyp, 34 ýeňiş gazandy, iki gezek ýeňildi, bir söweş deňme-deň tamamlandy. Ol WBC (2020 – 2024), IBF (2015), WBA (Super) (2015-2016), WBO (2015 – 2016), IBO (2015 – 2016) we The Ring žurnaly (2015-2018; 2020-2022) boýunça öňki dünýä çempionydyr.


15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....