Menni Pakýao halkara Boksuň şöhrat zalyna giriziler

  • 07.12.2024 11:29
  • 6.8k+

Taryhda sekiz agram derejesinde dünýä çempiony bolan ýeke-täk boksçy, filippinli Menni Pakýao Boksuň halkara şöhrat zalyna giriziler. Dabara iýun aýynda bolar.

“Boksuň Halkara şöhrat zalyna girizilmek üçin saýlananyma örän şat. Elbetde, bu ajaýyp Täze ýyl sowgady "- diýip, boksçynyň özi bu täzelige teswir berdi.
“Professional söweşiji we döwlet işgäri hökmünde işlän döwrümiň dowamynda maksadym ýurdumy, Filippinleri we dünýädäki filippinli watandaşlarymy  şöhratlandyrmakdy. Pakýao: "Bu gün iýun aýynda milli gahrymanymyz Fleş Elorda, şeýle hem tälimçim we dostum Freddi Rouça goşulyp, boksuň iň ýokary hormatyna eýe boljakdygymy bilmek mertebedir" – diýip belledi.

45 ýaşly türgen iň ýeňil agramdan kiçi orta agram derejesine çenli sekiz bölümde çempionlyk gazandy. Mundan başga-da, ol taryhda dürli dört onýyllykda (1990, 2000, 2010 we 2020-nji ýyllar) çempionlyk guşaklaryny eýe bolan ýeke-täk boksçydyr.
Pakýao karýerasynda 72 söweş geçirip, 62 ýeňiş gazandy, şol sanda 39-synda nokaut bilen ýeňdi. Ol ady Şöhrat zalyna  girizilen dördünji filippinli bolar. Ondan öň bu hormata Gabriel “Fleş” Elorde, Panço Wilýa we Lope “Papa” Sarreal dagylar eýe bolupdylar.
Pälwan professional karýerasyny 2021-nji ýylda tamamlady. Pakýao sport karýerasyndan başga-da, syýasy iş bilen hem meşgullanýar. Ol 2016-njy ýyldan 2022-nji ýyla çenli Filippinleriň senatory boldy.


düýn 14:53
7.6k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.6k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......