Usik bilen Fýuri gaýtadan rewanşa çykýar: duşuşygyň jikme-jiklikleri we tölegleri

  • 13.12.2024 15:15
  • 11k+

21-nji dekabrda Saud Arabystanynda ukrainaly boksçy Aleksandr Usik bilen britaniýaly Taýson Fýuriniň arasynda rewanş duşuşygy geçiriler. WBA, WBC we IBO agyr agram derejeleri ugrundaky tutluşyklar Kingdom Arenasynda bolar.

Geçenki duşuşykda Usik eminleriň bölekleýin karary bilen ýeňiş gazanypdy, ýeňiji absolýut çempionlygy almalydy. Şeýle-de bolsa, iýun aýynda ukrainaly boksçy IBF guşagyny boşatdy. Netijede Daniel Dýubua eýesiz guşagy aldy. Eger Usik bu gezek hem Fýurini ýeňse, onda Dýubua garşy çempionlyk üçin ringe çykyp biler.
Usik bilen Fýuriň arasyndaky rewanş duşuşygy olaryň şertnamasyna ýazylypdy. “The Independent-iň" habaryna görä, geçen duşuşyk olara karýerasyndaky iň uly tölegi getirdi. Onuň umumy mukdary 150 million dollar boldy. Şol bir wagtyň özünde duşuşygyň çempiony bolan Usik mediada has meşhur bolan garşydaşyndan has az pul aldy. Ýygymlar 70-de 30-a çenli Fýuriň peýdasyna paýlandy: Usik - 45 million dollar, Fýuri - 105 million dollar. Duşuşykdan el çeken ýagdaýynda boksçylara 10 million dollar jerime hem berlerdi.
“The Sportster-iň" habaryna görä, häzir ýagdaý üýtgedi: Usik karýerasyndaky rekord tölegi we has amatly şertleri alar. Bu boljak duşuşygyň umumy baýrak gaznasy 190 million dollar bolar, şolardan 60%-i (takmynan 114 million dollary) Usik alar, 40%-i bolsa (takmynan 76 million dollary) Fýuri. Biz kepillendirilen tölegler barada aýdýarys, mukdarlar duşuşygyň netijelerine ýa-da tölegli ýaýlymlaryň satuwyna bagly däl.
Munuň diňe resmi taýdan žurnalistleriň maglumatlarydygyny, şertnamanyň jikme-jiklikleriniň gizlin saklanýandygyny bellemelidiris.
Ýetip gelýän boksa gyzyklanma döretmek üçin tutluşygy gurnaýjylar sosial ulgamlarda ýaýradylan mahabat wideosyny taýýarladylar. Onda boksçular hemme ýerde biri-birine garşy görünýär: hassahananyň otagynda, ýönekeý geçip barýanlaryň ýüzlerinde, telewizorda, hatda boks elliklerinde we şöhlat büzmeçlerinde. Rolikde Fýuriniň Usik üçin hatda öz kakasy bilen sözi azaşýar. Haýbatly atasy ony derrew “özüne getirýär”.
Wideoda türgenleriň karýerasyndaky ýatlamalara öwrülen pursatlaryna we sözlemlerine köp gülküli salgylanmalar bar.
Usik bilen Fýuriniň arasyndaky gaýtadan geçiriljek tutluşyk dekabr aýynyň esasy boks wakalaryndan biri bolar diýip, sports.ru ýazýar.


30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....