Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

  • 17.05.2026 19:53
  • 2.9k+

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň ornaşdyrylmagy sebäpli 300 müňden 400 müňe çenli iş ornunyň gysgaldylmagy mümkin.

Ministriň sözlerine görä, emeli aňyň zähmet bazaryna ýetirjek täsiri zähmet serişdelerini ösdürmek merkezi tarapyndan yzygiderli öwrenýär. Deslapky çaklamalarda bellenilişi ýaly, bu gysgaldylmalar esasan hemişelik adam gatnaşygyny talap etmeýän kömekçi işgärleriň, hasapçylaryň we ýuristleriň wezipelerine täsir eder.

Adamyň şahsy gatnaşygy zerur bolmadyk ikinji derejeli kömekçi edaralarda, hasapçylyk we hukuk ýaly ugurlarda takmynan 300-400 müň töweregi iş ornunyň gysgaldylmagy göz öňünde tutulýar diýip, Nur.kz neşiri Tuýakbaýewiň sözlerine salgylanyp habar berýär. 

Şonuň bilen birlikde, ministrlik zähmet bazaryndaky bu üýtgeşmelere taýýarlyk görýändigini we işgärleri täze hünärlere gaýtadan okatmak maksatnamalaryny durmuşa geçirýändigini mälim etdi. Ýylyň başyndan bäri ýurduň ähli sebitlerinde jemi 186 müň adam täze hünär öwrenmegi başardy. Zähmet ministrligi häzirki wagtda Gazagystanda tehniki we işçi hünärlerine bolan islegiň ýokary derejede galýandygyny hem belledi.

Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň güýzünde ministrlik tarapyndan geljekde emeli aňyň tutuş ýurt boýunça 1 milliondan gowrak işgäriň ornuny tutup biljekdigi barada çaklamalar hem öňe sürlüpdi.


25.06.2026 10:21
4.2k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

24.06.2026 09:29
4k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

19.06.2026 11:22
4.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....