Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

  • şu gün 11:22
  • 1.4k+

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat bolan umumy ýazuw ulgamyny amaly taýdan ornaşdyrmak meselelerine üns berdiler.

Bu elipbiý resmi taýdan 2022-nji ýylda tassyklanypdy we häzirki wagtda onuň dürli ugurlarda ulanylyş düzgünlerini ylalaşmak boýunça işler alnyp barylýar. Geňeşe dört döwletiň – Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň wekilleri gatnaşdylar.

Türk akademiýasynyň prezidenti Şahin Mustafaýew taslama bolan gyzyklanmanyň artýandygyny belläp, bu elipbiýi ulanmagyň düzgünlerini doly kesgitlemegiň belledi.

Başlangyjy öňe sürmegiň çäginde, akademiýa 2025-nji ýylda täze elipbiýde nusgawy edebiýatyň ilkinji kitaplaryny gazak şahyry Abaýyň «Gara sözler» ýygyndysyny we gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» powestini çap etdi.

Umumy elipbiýiň döredilmegi türki halklarynyň arasyndaky medeni we dostluk gatnaşyklaryny has-da berkitmek üçin esasy ädim hasaplanylýar.


15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

06.06.2026 10:03
17k+

Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly......

01.06.2026 14:04
3.3k+

«Türkmenhaly» halyçylyk senediniň ösüşindäki goşandy üçin TÜRKSOÝ-yň diplomyny aldy

Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi türki dünýäde halyçylyk senedini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite diplomyna mynasyp......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....