«Türkmenhaly» halyçylyk senediniň ösüşindäki goşandy üçin TÜRKSOÝ-yň diplomyny aldy

  • 01.06.2026 14:04
  • 3.3k+

Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi türki dünýäde halyçylyk senedini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite diplomyna mynasyp boldy. Şeýle hem pudagyň iň ussat halyçy zenanlaryna Minnetdarlyk hatlary gowşuryldy.

Dabarada TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew çykyş edip, Türkmen halysynyň baýramynyň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem bütin türki dünýäniň genji-hazynasyna bagyşlanandygyny belledi.

Ol öz çykyşynda halylaryň diňe bir dokma önümi bolman, eýsem türki halklaryň taryhy köklerini, çeper döredijiligini we ruhy baýlygyny özünde jemleýän maddy gymmatlykdygyny aýratyn nygtady. Onuň sözlerine görä, bu sungat bütindünýä medeniýetine goşulan ägirt uly goşant we gaýtalanmajak mirasdyr.

Sultan Raýew TÜRKSOÝ guramasynyň adyndan «Türkmenhaly» döwlet birleşigine we ussat halyçy zenanlara häzirki zaman şertlerinde bu gadymy senedi gorap saklamakda, ösdürmekde we kämilleşdirmekde bitiren hyzmatlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we guramanyň ýörite diplomyny hem-de Minnetdarlyk hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Dabaraly çäreler Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň taýýarlan uly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy.


19.06.2026 11:22
4.5k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......