Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde geçirilen hem bolsa, bu barada «Türkmenistan» gazetinde ýaňy-ýakyn habar berildi.
Guramaçylar ýeňijä bäsleşigiň Kubogyny we 1 müň ABŞ dollary möçberindäki pul baýragyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Bu halkara bäsleşik Özbegistanda iki ýyldan bir gezek geçirilýär. Göwher Nuryýewa bu çärä eýýäm ikinji gezek gatnaşýar: ol 2024-nji ýylda özüniň ilkinji çykyşynda «ÝUNESKO-nyň bäsleşiginiň ýeňijisi» diýen güwanama mynasyp bolupdy.
Buharadaky bäsleşigiň ikinji gününde bilermenler el işleriniň görkezilişini gurady. Şol ýerde Göwher ussatlyk sapaklaryny geçdi we hünär synaglaryndan üstünlikli geçmegi başardy.
Ussat zergär bäsleşige özüniň 60-a golaý işini hödürledi. Olaryň hatarynda däp bolan milli şaý-sepler: gülýaka, asyk, gulakhalkalar, bilezik, sümsüle-maňlaýlyk we ýüzükler bar.
Göwher Nuryýewa zergärçilik sungaty bilen eýýäm 30 ýyla golaý wagt bäri meşgullanyp gelýär. Ol öz döredijiliginde milli däp-dessurlara esasy ünsi çekýär. Zergär gadymy nusgalar esasynda işläp, olary özüniň döredijilik gözlegleri bilen baýlaşdyrýar. Onuň işleriniň aýratynlygy — türkmen sährasynda bahar paslynda açylýan çigildemleriň şekilleriniň ulanylmagy hem-de işleriň hakyk daşy bilen bezelmegidir. Ussadyň pikiriçe, zergärçilik, halyçylyk we keşdeçilik sungaty biri-biri bilen baglanyşyklydyr, zergärçilik nagyşlary bolsa halylaryň we keşdeleriň nagyşlaryna meňzeýär.
Göwher Nuryýewa türkmen medeniýetini daşary ýurtlarda işjeň görkezip gelýär. Geçen ýylyň dekabr aýynda ol Hindistanda geçirilen el işleriniň halkara festiwalyna gatnaşyp, ol ýerde hem ýörite güwanama bilen bellenilipdi. Zergär aýal-gyzlaryň şaý-seplerinden başga-da, türkmen bedewleri üçin niýetlenen bezeg şaý-seplerini ýasamakda hem ykrar edilen ussatdyr.