Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

  • şu gün 11:11
  • 215

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady.

Işi dolandyrmak üçin döwlete degişli bolmadyk täjirçilik däl «Emeli aň alýansy» guramasy döredildi. Ol taslamalary utgaşdyrmak, ylmy jemgyýetçilik, telekeçilik bilen döwletiň arasyndaky özara gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem EA tehnologiýalaryny öňe sürmek bilen meşgullanar. Bäsleşigiň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:

Ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek üçin geljegi uly bolan EA taslamalaryny hem-de telekiçilik teklipleri gözlemek we goldamak. Munda esasan eksport mümkinçiligi bolan, halkara derejesinde bäsleşige ukyply çözgütlere aýratyn üns berler.

Ýaş hünärmenlerde modelirleme, maglumatlar bilen işlemek we EA-nyň esasynda önümleri toparlaýyn işläp taýýarlamak boýunça amaly endikleri ösdürmek.

Bäsleşik bäş sany esasy ugur boýunça geçiriler, olaryň düzümini guramaçylyk komiteti her ýylyň 1-nji iýunyna çenli tassyklamaga borçludyr. Gatnaşmak üçin arzalar iýul aýynda kabul edilip başlar.

Ýeňijilere GT Park Ventures wençur kompaniýasynyň aksiýalary görnüşinde maýa goýumlary berler. Birinji orun üçin 100 müň dollar, ikinji orun üçin 60 müň dollar, üçünji orun üçin bolsa 40 müň dollar göz öňünde tutulandyr.


düýn 12:35
5.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 23:15
3.8k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......