Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan gowrak hak alýarlar.
Kompaniýalar «egosentrik maglumatlar» diýlip atlandyrylýan – kellä berkidilen kameralaryň, akylly äýnekleriň we herket datçikleriniň kömegi bilen birinji şahsyň adyndan düşürilen wideoýazgylary ulanýarlar. Şeýle wideoroliklerde adamlar adaty hojalyk we önümçilik işlerini ýerine ýetirýärler: miweleri dograýarlar, egin-başlary ütükleýärler, harytlary saýhallaýarlar ýa-da fabriklerde işleýärler.
Alnan ýazgylar robotlara adamyň herketlerini gaýtalamaga ýöriteleşdirilen emeli aň modellerini okatmak üçin ulanylýar. Maglumatlary taraşlamak bilen Hindistanda we ABŞ-nda işleýän Objectways kompaniýasy meşgullanýar. Onuň müşderileri iri halkara korporasiýalaryndan ybaratdyr.
AFP-niň maglumatlaryna görä, Karur şäherindäki dokma fabrikleriniň birinde işgärler öz işlerini maňlaýlaryndaky kameranyň we akylly äýnekleriň kömegi bilen ýazgy edipdirler, beýleki gatnaşyjylar hem ýörite studiýalarda taýýarlanylan otaglarda öý işleriniň ýerine ýetirilişini surata düşüripdirler.
Objectways-yň kömekçi potratçysy Qanat Consulting Services kompaniýasy 2 müňe golaý adamy işe çekýär, olaryň bir bölegi işleri el-aýaklaryň herketlerini hasaba alýan bilezikler bilen ýerine ýetirýär.
Seljerijiler Hindistanyň emeli aň üçin maglumatlary ýygnamak we işlemek boýunça dünýäniň esasy merkezleriniň biri hökmündäki ornuny berkidýändigini, şeýle hyzmatlara bolan islegiň bolsa artýandygyny belleýärler.

