Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

  • 08.06.2026 17:48
  • 7.7k+

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy gurady.

Ýoga çäresine ýaşlar, Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary we şypahana-sagaldyş merkezlerinde dynç alýan raýatlar işjeň gatnaşdy.

Gatnaşyjylar ýörite hünärmeniň ýolbaşçylygynda ýoganyň adaty asana we pranaýama (dem alyş) maşklaryny ýerine ýetirdi. Okuw sapagy tamamlanandan soň, oňa gatnaşanlaryň hemmesine miwe gowşuryldy.

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde ýoga boýunça dürli çäreleri yzygiderli guraýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň «Bagtyýarlyk» sport toplumynda Ýoga we adaty lukmançylyk merkeziniň açylmagyndan soň, ol ýerde hem ýerli mugallymlaryň gatnaşmagynda yzygiderli sapaklar guralýar.

Hazar deňziniň kenaryndaky şeýle dabaraly çäreler eýýäm yzygiderli üç ýyl bäri geçirilýär.


şu gün 00:03
2.7k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.7k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......