Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň esaslary» atly okuw kitaby ilkinji gezek neşir edildi.
Okuw kitabyny taýýarlamakda ýurduň ugurdaş hünärmenlerinden we mugallymlaryndan ybarat awtorlar topary, ýagny L.Ruliýewa, J.Annamyradowa, O.Mämmetgulyýewa, H.Baýramowa, W.Çernikowa we S.Wolkowa dagy bilelikde işledi. Bu işe Aşgabat şäheriniň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň kör we çala görýän çagalar bölümleriniň tejribeli mugallymlary hem işjeň gatnaşdy.
Mundan başga-da, gollanmany taýýarlamagyň çäklerinde uýgunlaşdyrylan pedagogika ugrunyň hünärmenleri, dizaýnerler hem-de maglumat elýeterliligini üpjün etmek boýunça bilermenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Okuw kitaby çagalaryň görüş-kabul ediş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp düzüldi. Onda iri şriftler, ýokary kontrastly bezegler, ýörite duýujy elementler hem-de uýgunlaşdyrylan şekiller ulanyldy. Bu bolsa okuwçylaryň okamak, ýazmak we sanamak ukyplaryny netijeli özleşdirmegine mümkinçilik berýär.
Täze okuw kitaby ýaş nesle döwrebap bilim bermek, her bir çaganyň hemmetaraplaýyn ösmegi we mynasyp kemala gelmegi üçin şertleri döretmek, şeýle hem ähli çagalara deň hukuklary we mümkinçilikleri bermek boýunça döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipelerine laýyklykda taýýarlanyldy.