Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

  • şu gün 10:21
  • 725

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe mähelleleriň işini sanlylaşdyrmak boýunça geçirilen tanyşdyryş çäresinde hödürlendi.

Mähelle — Özbegistanda ýerli öz-özüni dolandyrmagyň däp bolan guramasy, ýaşaýjylary birleşdirýän we olaryň gündelik durmuş-ykdysady meselelerini çözmäge kömek edýän kwartal ýa-da goňşuçylyk jemgyýetidir.

Tanyşdyryş çäresinde mähelleleriň «ýediliginiň» (ýerli jogapkär işgärleriň toparlarynyň) öýme-öý aýlanyp geçmeginiň netijesinde 1 million 365 müň raýatyň meselesiniň hasaba alnandygy bellenildi. Bu meseleleri çalt çözmek we her bir jemgyýetdäki näsazlyklary öňünden ýüze çykarmak üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylýar. 35 ministrligiň we edaranyň maglumat ulgamlary «Sanly mähelle» bir bitewi platformasy bilen birleşdiriler, bu bolsa ýerli derejede ýüz tutmalara yzygiderli seljerme bermäge mümkinçilik berer.

Mähelleleri goldamak üçin degişli respublikan gaznasyna goşmaça 200 milliard sum bölünip berildi. Ýene-de 300 milliard sumy täze hemişelik girdeji çeşmeleri hasabyna üpjün etmek meýilleşdirilýär. Sanitar kadalarynyň bozulmagy we bikanun gurluşyklar üçin salynýan jerimeleriň bir bölegi mähelleleriň býujetine gönükdiriler. Ýer we emläk salgytlaryndan gelýän girdejileriň olaryň ygtyýarynda galýan paýy 10%-den 15%-e çenli artar.

Serişdeleri, esasan-da, içerki ýollary abatlamaga, pyýadalar zolaklaryny abadanlaşdyrmaga, çagalar we sport meýdançalaryny gurmaga, seýilgähleri döretmäge we mätäç maşgalalaryň iş bilen üpjünçiligini goldamaga gönükdirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, Milli mähelläni ösdürmek institutyny döretmek teklip edildi. Ol özgertmeleri seljermek, öňdebaryjy tejribäni ýaýratmak we mähelleleriň «ýediligi» üçin işi guramak boýunça maslahatlary taýýarlamak bilen meşgullanar. Täze ulgam arkaly her ýyl pudagyň 21 müň işgäriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Prezident Mirziýoýew hödürlenen teklipleri goldady we platformany işe girizmek, jemgyýetleriň girdejilerini giňeltmek, instituty döretmek we döwlet-hususy hyzmatdaşlyk esasynda mähelleleriň binalaryny gurmak boýunça tabşyryklar berdi.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......