Şekeriň bahasynyň dünýä boýunça peselmegi bir ýurduň gant şugundyry pudagyny doly weýran etdi

  • 24.05.2026 20:39
  • 10k+

Dünýä bazarynda şekeriň bahasynyň yzygiderli peselmegi we önümçilik çykdajylarynyň gymmatlamagy sebäpli, Çilide gant şugundyryny öndürmek tas 73 ýyldan soň bütinleý bes edilýär. Bu barada Reuters habar berdi.

Ýurtdaky gant şugundyryny gaýtadan işleýän ýeke-täk kärhana bolan Empresas Iansa kompaniýasy geljekki 2026/27-nji ýylyň möwsümi üçin daýhanlar bilen täze şertnamalary baglaşmajakdygyny yglan etdi. Bu bolsa ýurduň içinde bu ekin pudagynyň resmi taýdan soňuna gelendigini aňladýar.

Kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň düşündirişine görä, dünýäde şekeriň bahasynyň örän peselmegi we şol bir wagtda dökünleriň, tehnikalaryň hem-de işçi güýjüniň bahasynyň yzygiderli gymmatlamagy gant şugundyryny ekmegi ykdysady taýdan bütinleý peýdasyz ýagdaýa getirdi.


düýn 16:30
580

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 13:44
3.5k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

10.06.2026 17:29
11k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......