Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

  • düýn 16:30
  • 539

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa Respublikasynyň Ykdysadyýet, energetika we syýahatçylyk boýunça federal ministrliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň başlygy Elizabet Waýssenbögiň ýolbaşçylygynda gelen wekiliýet gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we hyzmatdaşlygyň geljekki täze ugurlaryny kesgitlemek meseleleri girizildi.

Awstriýa Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropa sebitindäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup, taraplar diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.

Mejlise gatnaşyjylar ozal ýerine ýetirilen işleriň netijelerine oňyn baha bermek bilen, senagatda innowasion tehnologiýalar, energetika, ekologik taslamalar, galyndylaryň dolandyrylyşy, gurluşyk, ulag infrastrukturasy, hyzmatlar ulgamy, saglygy goraýyş, derman senagaty, oba hojalygy we önümleri gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

«Ýaşyl» ykdysadyýet, sanlylaşdyrma we emeli aň ýaly ýokary tehnologiýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde aýratyn nygtaldy. Şäher infrastrukturasyny ösdürmek, suw arassalaýjy tehnologiýalar we bank ulgamy babatda hem gatnaşyklara uly gyzyklanma bildirilýär.

Şeýle hem türkmen-awstriýa jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda medeni dialog yzygiderli ösdürilip, Aşgabatda Wena ballarynyň we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Bilim ulgamynda ylmy merkezleriň we edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek duşuşykda garalan esasy ugurlaryň biri boldy.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassyklady we mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekdi.

Çäräniň çäklerinde iki ýurduň degişli düzümleriniň we işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler hem geçirildi.


düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......