11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Çäre Denizliniň Söwda-senagat edaralarynyň we haryt biržalarynyň birleşiginiň binasynda boldy. Ony Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy gurady.
Forumyň işine türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan we döwlete degişli bolmadyk pudagyň wekillerinden 100-den gowrak adam gatnaşdy. Maslahatlaşylan esasy mowzuk Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri hem-de ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi boldy. Gatnaşyjylara hususy pudagy goldamak boýunça görülýän çäreler, amatly maýa goýum gurşawynyň döredilmegi we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berildi.
Şeýle hem, durnukly ösüş maksatnamalaryna laýyklykda, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ekologiýa taýdan arassa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine seredildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar nebitgaz-himiýa pudagyna, agrosenagat toplumyna, ulag-logistika ulgamyna, telekommunikasiýalara we maglumat tehnologiýalaryna türk maýa goýumlaryny çekmegiň geljegi barada pikir alyşdy.
Forumyň ahyrynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň maýa goýum kuwwaty hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada ýörite wideorolik görkezildi.