Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

  • 08.06.2026 18:54
  • 4.5k+

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky netijeli gatnaşyklaryny maslahatlaşyp, ýokary derejeli aragatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde esasy görkeziji bolup durýandygyny nygtady.

Diplomatlar bilim, ylym, medeniýet we ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy ugurlaryndaky gatnaşyklara aýratyn üns berdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ABŞ-nyň 15-den gowrak bilim maksatnamasyna gatnaşýandygy we iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanda 25 ýyl bäri üstünlikli amala aşyrylýan “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçiler gaznasy” Halkara maksatnamasynyň ähmiýeti aýratyn bellenip, medeni-ynsanperwer ulgamda täze bilelikdäki taslamalary guramak mümkinçilikleri gözden geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, jemgyýetçilik bilen aragatnaşyklar we köpçülikleýin diplomatiýa ugurlarynda hünär gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn formatda, şeýle hem “C5+1” görnüşinde mundan beýläk hem işjeň ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklady.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

24.06.2026 23:05
2.5k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

23.06.2026 22:17
2.5k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......