Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe girişdi.
Möwsümiň başlanmagy mynasybetli ýurduň demirgazyk we günbatar sebitlerinde geçirilen dabaralara häkimlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, tejribeli agronomlar, mehanizatorlar we gallaçy kärendeçiler gatnaşdy.
Il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan orak möwsüminiň üstünlikli geçmegini dileg eden soň, ilkinji bugdaý sünbülleri oruldy we nobat kombaýnçylara geçirildi. Kuwwatly däne ýygyjy kombaýnlaryň bugdaý meýdanlaryna çykarylmagy bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda Watan harmanyna ugradyljak gallanyň ilkinji tonnalary ýygnalyp başlandy.
Ýurtda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak we içerki bazarlary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet tarapyndan oba hojalyk önümlerini öndürijilere giň möçberli ýeňillikler we goldawlar berilýär. Kärendeçileriň ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, suw hem-de häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün edilmegi, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda amala aşyrylmagy daýhanlaryň zähmete bolan höwesini has-da artdyrýar.
Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny doly berjaý etmek üçin orak möwsümine taýýarlykly çemeleşdi. Demirgazyk sebitiň ekerançylary ekiş möwsüminiň dowamynda bugdaýyň welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasylly görnüşlerini ekdi. Günbatar sebitde hem bol hasyl ösdürip ýetişdirmek üçin agrotehniki kadalar takyk berjaý edilip, güýzlük bugdaýa yzygiderli ideg işleri amala aşyryldy.
Galla oragyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralaryň çäklerinde bugdaýly meýdanlaryň töwereginde obasenagat toplumynyň önümleriniň sergileri guralyp, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň nusgalary görkezildi. Estrada we halk aýdymçylary, folklor-tans toparlary tarapyndan dabaraly aýdym-saz çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Mundan başga-da, sebitlerde geçirilen önümçilik-okuw maslahatlarynda däne ýygnamak işlerini talabalaýyk we sazlaşykly guramak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.