Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

  • şu gün 07:42
  • 294

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik gatnaşyklary we halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar berýär.

Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Helsinki ş.) täze bellenen ilçisi Maria Agre bilen duşuşykda ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň we parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýetini nygtady. Şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy, şol sanda Ýewropa Bileleşigi we beýleki halkara guramalaryň çäklerindäki özara hereketleri giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerine seredildi.

Ilçi Maria Agre netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda ähli tagallalaryny etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Günüň dowamynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sasaki Hiroşi bilen hem duşuşyk geçirildi. Diplomatlar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini we geljegini ara alyp maslahatlaşdy.

Gepleşiklerde halkara düzümleriň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Taraplar ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak maksady bilen halkara giňişlikde hereketleri utgaşdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky konstruktiw dialogy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlylyk tassyklanyldy.


09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......