Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

  • 08.06.2026 17:39
  • 2.3k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Täjigistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen uçar kerosinini, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasy tarapyndan öndürilen ECO-93 kysymly awtoulag benzinini satyn aldy.

Mundan başga-da, BAE-niň we Türkiýäniň telekeçilerine dokma önümleri, buýan köküniň goýy ekstrakty, pagta ýagy we bugdaý uny ýaly önümler ýerlenildi.

Içki bazarda bolsa türkmen telekeçileri bugdaý ununy, pagta ýagyny, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, pagta süýümini, nah matany, nah ýüplügi hem-de jins matasyny satyn aldy. Içki geleşikleriň umumy möçberi 325 million 945 müň manatdan geçdi.


düýn 15:48
3.8k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.2k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......