Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

  • şu gün 11:05
  • 758

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet çekmäge ukyply möwrite ýeter.

​Bu tolkun häzirki zaman taryhyndaky iň uly görkeziji bolar. Ýagdaýyň çarkandaklygy dünýä ykdysadyýetiniň häzirki wagtda ösüşiniň haýallamagy bilen düşündirilýär, bu bolsa ýeterlik mukdarda täze iş orunlarynyň döredilmeginde esasy bökdençlikdir.

​Möhüm çaklamalar we sanlar:

​Iş tapjaklar: Selejerijileriň çaklamalaryna görä, 2035-nji ýyla çenli bu ägirt uly köpçülikden diňe 400 milliondan gowrak adama iş tapmak başardar.

​Işsizlik howpy: Ýaşlaryň 300 milliona golaýy işsiz, bilimsiz we professional taýýarlyksyz galmak töwekgelçiligi astynda ýaşaýar.

​Iň kyn sebit: Iň çylşyrymly ýagdaý Afrikanyň Sahara çölüniň golaýyndaky (günortasyndaky) ýurtlarda bolar — 2035-nji ýyla çenli ol ýerde ýaşlaryň sany 330 milliondan geçer, bu bolsa 2000-nji ýyl bilen deňeşdirilende tas 2,5 esse köpdür. Şeýle hem Günorta Aziýada, Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada güýçli demografik basyş bolar.

​Meselemi ýa-da mümkinçilik?

Bütindünýä bankynyň hünärmenleri iş orunlaryny döretmegiň garyplygy azaltmak, durnukly girdeji, adamlarda maksat duýgusyny kemala getirmek we sosial durnuklylygy üpjün etmek üçin örän möhümdigini belleýärler. Şol bir wagtyň özünde, häzirki ýaş nesil öňki nesillerden has gowy bilim alandyr. Eger döwletler bu adamlary iş bilen üpjün edip bilseler, onda içerki islegiň we umuman ykdysadyýetiň ösmegi üçin güýçli çykalga bolar.

​Hökümetler üçin maslahatlar (3 esasy ugur):

  • Infrastrukturany ösdürmek;
  • Telekeçiligi alyp barmak üçin amatly şertleri döretmek;
  • Hususy maýany işe girizmek.

Ýokary derejede iş orunlaryny döretmäge ukyply bolan esasy pudaklar hökmünde energetika we infrastruktura, oba hojalygy we agrotelekeçilik, saglygy saklaýyş, gaýtadan işleýän senagat hem-de syýahatçylyk görkezildi.

​Häzirki üýtgeýän dünýä şertlerinde döwletleriň öňünde duran iň esasy wezipe — täze nesli diňe bir iş bilen üpjün etmek däl-de, eýsem olara ýokary hilli (hünärine laýyk) iş orunlaryny hödürlemekdir.


düýn 08:04
6.4k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

24.06.2026 16:45
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 14:40
2.6k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......