Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan gämileriň umumy sanynyň 35,4%-i Hindistanyň paýyna düşýär.
Bir ýylyň içinde hindi kärhanalary 2024-nji ýyldaky 1,86 million brutto-tonna garanyňda, 2,99 million brutto-tonna barabar bolan gämileri sökdüler. Bu görkeziji öňküsi bilen deňeşdirilende 60%-e golaý artykdyr.
Gämileri gaýtadan işlemek ýagdaýy olary sökmegi we materiallary, enjamlary, simleri we beýleki düzüm böleklerini gaýtadan ulanmagy öz içine alýar. Şol bir wagtyň özünde, gämilerde nebitiň, asbestiň, himiki maddalaryň we beýleki howply materiallaryň bolmagy mümkin bolandygy sebäpli bu iş howpsuzlyk çärelerini-de berk berjaý etmegi talap edýär.
Hindistanyň portlar, gämi gatnawlary we suw ýollary ministri Sarbananda Sonowal ýurduň gazanylan netijeler bilen çäklenmän, öňe gitjekdigini mälim etdi. Hökümet Gujarat ştatyndaky Alang şäherinde ýerleşýän gämileri gaýtadan işleýän iň uly merkezi giňeltmegi we onuň kuwwatlylygyny iki esse artdyrmagy meýilleşdirýär.
Pudagyň bilermenleriniň çaklamalaryna görä, ýakyn on ýylyň içinde 16 müň töweregi gäminiň ulanyş möhleti tamamlanar.
Gämileri gaýtadan işlemek pudagynda öňbaşçylyk etmek «Maritime India Vision 2030» maksatnamasynyň esasy maksatlarynyň biri bolupdy. 2025-nji ýylyň jemleri boýunça Hindistan göz öňünde tutulan meýilnamany bellenen wagtyndan bäş ýyl öň ýerine ýetirdi.