Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

  • 09.06.2026 15:08
  • 2.4k+

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji ýylynda 8,7 milliard dollardan 19,3 milliard dollara çenli möçberde maýa çekip biler.

Häzirki wagtda ýapon häkimiýetleri möhüm bir özgertmäni ara alyp maslahatlaşýarlar. Olar kriptoaktiwleri häzirki «töleg hyzmatlary» hakyndaky kanunyň düzgünlerinden çykaryp, olary «maliýe gurallary we biržalar» hakyndaky kanunçylygyň ygtyýarlygyna geçirmegi meýilleşdirýärler. Bu üýtgetme kriptoaktiwleriň resmi taýdan «maýa goýum aktiwleri» derejesini almagyna we olara şol derejede garalmagyna mümkinçilik berer.

XWIN Japan-yň esasy çaklamasyna görä, bitkoin-ETF-lerine goýuljak maýa serişdeleri takmynan 1,4 trillion iýenä ýa-da 8,7 milliard dollara deň bolar. Iň oňyn ýagdaýda bolsa, bu görkeziji 3,1 trillion iýene, ýagny takmynan 19,3 milliard dollara çenli ýetip biler.

Seljerijiler maýa goýumlaryň bu möçberi bazarda takmynan 140 müň bitkoine bolan islegi emele getirer diýip çaklaýarlar. Hünärmenler bu ETF-iň işe girizilmeginiň esasy oňyn täsirini kriptowalýutanyň bahasynyň galmagynda däl-de, maýadarlaryň özleriniň däp bolan brokerlik hasaplary arkaly bu sanly aktiwlere has aňsat we göni ýol bilen ýetip biljekdiklerinde görýärler.

Şeýle-de, ýurtda sanly aktiwleriň salgyt ulgamyny kämilleşdirmek boýunça hem gepleşikler geçirilýär. Bu çäreler kriptowalýutalaryň Ýaponiýanyň umumy maliýe ulgamyna has giňden we erkin utgaşmagyna ýardam berer.


düýn 20:46
980

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

düýn 15:32
5.3k+

FT: Argentina 500 müň dollara «altyn pasport» berip başlar

Argentinanyň häkimiýetleri döwlete maýa goýumlaryny çekmek şerti bilen daşary ýurtlulara raýatlyk bermek maksatnamasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär....

28.06.2026 15:48
5.4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 11:05
4.5k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......