Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Maslahatda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde dost-doganlyk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.
Gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty, energetika, ulag, azyk senagaty we oba hojalygy ýaly ugurlar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan pudaklary hökmünde görkezildi. Taraplar işewürlik hem-de telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, türkmen we türk haryt öndürijileriniň iki ýurduň bazarlarynda eýeleýän ornuny berkitmek hem-de ugradylýan harytlaryň görnüşlerini artdyrmak meselelerine seretdi. Şeýle hem toparyň sekizinji mejlisiniň Teswirnamasy esasynda kabul edilen iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine üns berildi.
Ulag-logistika we energetika pudaklary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry hökmünde bellenildi. Maslahata gatnaşyjylar Merkezi Aziýa we Ýewropa sebitlerini birleşdirýän netijeli ýük daşamalary üpjün edýän döwrebap ulag düzümini kemala getirmegiň meseleleri barada pikir alyşdy. Bu ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň ykdysadyýetlerini berkitmek bilen bir hatarda, tutuş Ýewraziýa sebitinde energetika we ulag howpsuzlygyny üpjün etmäge uly mümkinçilik berjekdigi aýratyn nygtaldy.
Köpasyrlyk gatnaşyklara ygrarlydyklaryny görkezip, toparyň agzalary geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk ädimleri kesgitledi we maslahatyň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekdi.
Çäräniň çäklerinde ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.