Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

  • 05.06.2026 15:42
  • 3.5k+

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge we sargytlary işleýiş merkezlerinde robototehnikanyň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmaga mümkinçilik berer.

Bu baradaky bildiriş Londonda geçirilen «Amazon Delivering the Future» çäresinde mälim edildi.

Mundan öň kompaniýa 2025-nji ýylda Ýewropa ykdysadyýetine 60 milliard ýewrodan gowrak maýa goýandygyny habar beripdi. Täze maliýe serişdeleriniň bir bölegi sargytlary işleýiş merkezlerini awtomatlaşdyrmaga gönükdiriler. Bu ulgamlar işgärleriň başga iş görnüşlerine ünsüni jemlemegi üçin fiziki taýdan agyr amallary ýerine ýetirmeklige niýetlenendir. Täze tehnologiýalaryň hatarynda adaty gepleşik dilindäki görkezmeleri we buýruklary düşünip bilýän «Proteus» roboty hem bar.

Maliýeleşdiriljek anyk merkezleriň atlary aýdyňlaşdyrylmaýar, ýöne Amazon eýýäm Beýik Britaniýany, Germaniýany, Fransiýany we beýleki ýurtlary öz içine alýar. Şeýle hem işgärleri 2030-njy ýyla çenli kiberhowpsuzlyk we logistika ýaly ugurlarda gaýtadan okatmak üçin 1 milliard dollar möçberinde ýörite gazna bölünip berildi.

Häzirki wagtda kompaniýa Ýewropada 1,5 milliondan gowrak adamy iş orny bilen üpjün edýär.

Bu waka Ýewropanyň özüniň iň geljegi uly kompaniýalarynyň ABŞ-na göçmeginiň öňüni almaga çalşyşy hem-de Hytaýyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň çalt depginler bilen öňe barýan emeli aň hem-de robototehnika ugrundaky ählumumy bäsleşikde öz ornuny kesgitlemäge synanyşýan pursadyna gabat geldi.


şu gün 19:25
106

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 14:40
2.5k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

22.06.2026 16:02
1.4k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....