Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

  • 05.06.2026 15:39
  • 2.7k+

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürler wekiliýeti gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Maslahatda Türkmenistanyň halkara tejribäni we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga açykdygy hem-de ABŞ-nyň işewür toparlarynyň türkmen bazaryndaky ornuny berkitmäge ymtylýandygy nygtaldy. Taraplar ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýyna we işewürlik gurşawyna ýokary baha berip, amala aşyrylan özara saparlaryň gatnaşyklarda täze tapgyryň başyny başlandygyny belledi.

Söwda-maýa goýum işlerinde senagat, oba hojalygy we suw hojalygy üçin tehnikalary ibermek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, innowasion tehnologiýalar, kiberhowpsuzlyk, saglygy goraýyş we ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylmagy öňe sürüldi. Gatnaşyjylar haryt dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, bilelikde işlemegiň anyk meýilnamalaryny kesgitledi.

Iki ýurduň işewürleri ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde täze platformalaryň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň maý aýynda döredilen Türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy birleşiginiň (TABCA) söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmakda netijeli meýdança bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirildi. Maslahatyň çäklerinde guralan ikitaraplaýyn duşuşyklar soňky ýyllarda täze depgine eýe bolan türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň geljekde hem üstünlikli dowam etdiriljekdigini tassyklady.


şu gün 19:25
449

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

şu gün 07:51
1.8k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
2k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......