Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň ornuny ýokarlandyrmak we Hytaý – Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygyny berkitmek» atly okuw maslahatyna gatnaşýar. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berilýär.
Sebitiň deputatlary üçin niýetlenen bu çäre parlamentara gatnaşyklary we kanun çykaryjylyk ulgamyndaky tejribe alşygy pugtalandyrmagy maksat edinýär.
Maslahat dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ösüş meýillerini nazara almak bilen, taraplaryň ösüş strategiýalaryny utgaşdyrmaga hem-de özara bähbitli, inklýuziw ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilendir.
Okuw maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili çykyş edip, iki döwletiň Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, ynanyşmak we deňhukuklylyk esasynda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Şeýle hem sebit derejesindäki forumlaryň we okuw maslahatlarynyň parlamentara gatnaşyklary berkitmekde hem-de hyzmatdaşlygyň täze çemeleşmelerini işläp düzmekde möhüm meýdança bolup durýandygy nygtaldy.
Maslahata gatnaşyjylar sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we netijeli hyzmatdaşlygy üpjün etmekde parlament diplomatiýasynyň barha artýan ornuna aýratyn üns çekdi. Bu çäräniň ýurtlaryň arasynda kanunçykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga, aýratyn-da, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.