Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi ABŞ-nyň Söwda wekiliniň müdirligine salgylanyp habar berýär.
Agentligiň berýän maglumatlaryna görä, Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryndan, Meksikadan, Beýik Britaniýadan we başga-da birnäçe döwletlerden getirilýän harytlar üçin 10 göterim möçberinde paç girizilip bilner. Hytaýdan, Hindistandan, Ýaponiýadan, Günorta Koreýadan, Şweýsariýadan we Braziliýadan gelýän harytlar üçin bolsa 12,5 göterim derejesinde gümrük salgydy gözden geçirilýär.
Mundan başga-da, harytlaryň öndürilişinde mejburi zähmetiň ulanylandygy baradaky çaklamalar bilen bagly geçiriljek derňewleriň netijelerine esaslanylmagy bilen, ýene-de 45-e golaý ýurt 12,5 göterim möçberindäki goşmaça import paçlarynyň täsirine düşüp biler.