Raşid Meredow Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipleri hödürledi
23-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşyda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Hökümeti bilen bu guramanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde hyzmatdaşlyk alnyp baryldy...