1.6k+

ESA köp gezeklik we köpugurly Space Rider kosmos gämisini üstünlikli synady

Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) köp gezeklik Space Rider kosmos enjamynyň paraşýut ulgamynyň synaglaryny üstünlikli geçirdi. Synaglar italýan harbylarynyň gatnaşmagynda we taslamanyň baş potratçysy bolan Thales Alenia Space kompaniýasynyň inženerleriniň ýolbaşçylygynda Sardiniýada geçirildi...

3.8k+

Alymlar 200 mln ýyl ozal ýaşan pterozawryň täze görnüşini suratlandyrdylar

ABŞ-nyň Smitsonow institutynyň işgärleri Petrifaýd-Forest milli seýilgähinde (Arizona ştaty)  209 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen pterozawrlaryň näbelli görnüşleriniň galyndylaryny tapdylar. Edaranyň metbugat gullugynyň habaryna görä, tapyndy giçki trias döwrüne degişlidir...

9.5k+

Hytaýyň täze lazerli enjamy çybynlary üç millisekuntda ýok edýär

Hytaýda Photon Matrix atly enjam döredildi. Bu enjam çybynlary üç millisekundyň dowamynda tapyp, aralygy kesgitläp, lazer arkaly ýok edýär diýip, «New Atlas» neşiri habar berýär. Işläp düzüjileriň maglumatlaryna görä, enjam bir sekuntda 30-a çenli çybyny ýok edip bilýär...

2.1k+

ChatGPT kosmos gämisini dolandyrmaga ukyplydygyny görkezdi

ChatGPT kosmos gämisini dolandyrmaga ukyply bolup çykdy. Ol «Kerbal Space Program Differential Games» atly simulýasiýadaky uçuş bäsleşiginde ikinji orny eýeledi. Bu barada «Live Science» neşiri habar berýär. Bäsleşik ilkinji gezek 2023-nji ýylda Massaçusets tehnologiýa institutynyň başlangyjy bilen geçirilip başlandy...

10k+

ABŞ-da mallary goramak üçin milliardlarça tohumsyz siňekler köpeldiler

ABŞ-nyň hökümeti Tehasda we Meksikada et senagatyny Amerikanyň tropik et siňeginiň (Cochliomyia hominivorax) zabun liçinkalaryndan halas etmek üçin uly taslamany durmuşa geçirip başlady. Bu siňekler mallaryň ýarasynda ýumurtga taşlaýarlar, bu bolsa iri şahly mallaryň kesellemegine we  ölmegine sebäp bolup bilýär...

12k+

Heopsyň piramidasynda hakyky gurluşykçylaryň atlary tapyldy, olar gul däl bolup çykdy

Arheologlar Heopsyň piramidasynda ozal näbelli ýazgylary tapdylar, bu onuň gurluşykçylarynyň gelip çykyşyny anyklamaga kömek edýär diýip, Daily Mail ýazýar. Müsüri öwreniji alym Zahi Hawassyň berýän maglumatlaryna görä, täze açyşlar gadymy grek awtorlarynyň piramidany 100 müň sany gullaryň gurandygy baradaky tassyklamany ýalana çykarýar...

3.2k+

ABŞ-da millionlarça dollar sarp edilen kosmos ýadro reýderi taslamasy ýapyldy

ABŞ-nyň Goranmak boýunça geljekki barlag taslamalary gullugy (DARPA) NASA bilen kosmos termiki ýadro hereketlendirijisini (NTP) döretmek baradaky bilelikdäki taslamany ýatyrdy. Bu karar häzirki zaman raketa tehnologiýasynyň gazananlary, şol sanda SpaceX-iň üstünligi we ýadro hereketlendirijileriniň geljeginiň täze seljermesi bilen düşündirilýär  diýip, Space News habar berýär...

3.6k+

Astronom tutuş Älemiň “aýlanmagynyň” alamatlaryny tapdy

Amerikaly astronom, ABŞ-nyň Harby-deňiz obserwatoriýasynyň ylmy işgäri Waleriý Makarow tutuş Älemiň aýlanýandygyna mümkin bolan subutnamalary tapandygyny aýdýar. Üstesine-de, aýlanma ugry ençeme gezek üýtgän bolmaly diýip, Nature Astronomy žurnalyndaky ylmy gözlege salgylanyp, TASS habar berýär...

10k+

Alymlar ilkinji gezek haýal ýertitremesini ýazgy etdiler

Alymlar ilkinji gezek Ýaponiýanyň kenaryndaky suwasty çat açan zolagynda haýal ýertitremesini hasaba aldylar. Ostindäki Tehas uniwersitetiniň barlagçylary tarapyndan geçirilen barlaglar ýertitremeleriniň sunamini emele getirýänligi bilen belli umman çat açmasynyň uzaboýuna nädip ýaýraýandygyny görkezdi...

4.7k+

Neýrofiziologlar beýniniň nädip sözlerden sözlem düzýändigini düşündirdiler

Nýu-Ýork uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary adam beýnisiniň nädip aýry-aýry sözleri sözlemlere öwürýändigini anyklamaga kömek edýän barlagy geçirdiler. Neýrolingwistika şu çaka çenli, esasan, aýry sözleriň emele getirilişini öwrenipdi, ýöne olaryň many berýän zynjyrlara birleşiş prosesini öwrenmändi...

4.2k+

Alymlar dinozawrlaryň täze görnüşini tapdylar. Olar itiň ululygynda bolupdyr

Alymlar labrador-retriwerden (itiň bir tohumy) uly bolmadyk dinozawryň täze görnüşini tapdylar diýip, CNN habar berýär. Dinozawr Enigmacursor mollyborthwickae diýlip atlandyryldy we takmynan, 150 million ýyl ozal - ýura döwründe stegozaurlar we diplodoklar bilen birlikde häzirki Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň çäginde ýaşap geçipdir...