«PSŽ» bassyr ikinji ýyl Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy

  • 31.05.2026 03:30
  • 9.4k+

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary yzygiderli ikinji möwsüm UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Ol ýaryşyň finalynda Angliýanyň «Arsenal» klubuny utdy. Aýgytlaýjy duşuşyk Budapeşt şäheriniň «Puşkaş Arena» stadionynda geçirildi.

Oýnuň esasy we goşmaça wagtynda hasap 1:1 deňlikde tamamlanandan soň, parižliler penalti tapgyrynda 4:3 hasabynda ýeňiş gazandy.

Eýýäm oýnuň 6-njy minutynda Kaý Hawers «Arsenal» toparyny öňe çykardy. Parižliler bolsa Hwiça Kwarasheliýanyň penalti gazanmagy bilen hasaby deňlemegi başardy. 11 metrlik jerime urgusyny oýnuň 65-nji minutynda Usman Dembele üstünlikli ýerine ýetirdi.

Goşmaça wagtda toparlar gol bilen tapawutlanmady. Oýundan soňky penalti tapgyrynda bolsa «Arsenalyň» iki sany oýunçysy topy derwezä girizip bilmedi.

«Opta» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, Hawers taryhda Eşli Kouldan soň Çempionlar ligasynyň finalynda iki sany dürli klubuň başlangyç düzüminde meýdança çykan ikinji futbolçy boldy. Mundan başga-da, ol ýaryşyň finallarynda iki dürli topar üçin gol geçiren oýunçylaryň sanawyna girdi.

Usman Dembele bolsa Çempionlar ligasynyň finalynda gol salmagy başaran, häzirki wagtda «Altyn top» baýragynyň eýesi bolan üçünji futbolçy boldy.

PSŽ-niň baş tälimçisi Luis Enrike meýdança geçen ýyl «Inter» toparyna garşy finaldaky ýaly on sany meýdan oýunçysyny çykardy. Pariž kluby Madridiň «Real» toparyndan soň ýaryşyň taryhynda yzygider iki gezek finalda şol bir düzüm bilen diýen ýaly çykyş eden ikinji topar boldy.

Bu çempionlyk PSŽ üçin taryhynda ikinji uly kubokdyr. Klub 2020-nji ýylda Çempionlar ligasynyň finalyna çykyp, şonda «Bawariýa» toparyndan utulypdy (0:1). Parižlileriň hasabynda Kubok eýeleriniň kubogy (1995/96), Intertoto kubogy (2001), UEFA-nyň Superkubogy (2025) we Yklymara kubogy (2025) ýaly ýeňişler bar.

Finaldaky bu ýeňliş «Arsenal» üçin Çempionlar ligasynyň şu möwsüminde ýeke-täk şowsuzlyk boldy. «Kanonirleriň» ÇL-de gazanan iň ýokary görkezijisi 2006-njy ýyldaky final bolup, şonda londonlylar «Barselona» toparyndan utulypdy (1:2). Şeýle hem «Arsenal» toparynyň hasabynda Kubok eýeleriniň kubogy (1993/94) we Ýarmarkalar kubogy (1969/70) bar.

Mundan ozal, şu möwsümde Ýewropa ligasynyň ýeňijisi Angliýanyň «Aston Willa» topary bolupdy. Konferensiýa ligasyny hem iňlis kluby — «Kristal Pelas» utmagy başardy.


düýn 17:01
6k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
6k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

18.06.2026 14:25
14k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

18.06.2026 09:54
1.7k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....