8.2k+

«PSŽ» penalti tapgyrynda FIFA-nyň Yklymara kubogyny utdy: Safonow 4 topy yzyna gaýtardy

«Pari Sen-Žermen» taryhda ilkinji gezek FIFA-nyň Yklymara kubogynyň eýesi boldy. Ol Braziliýanyň «Flamengo» klubuny oýundan soňky penalti tapgyrynda utdy. Er-Raýýanda (Katar) geçirilen duşuşygyň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy, 11 metrlikden gol geçirmekde bolsa parižliler güýçli geldi – 2:1...

5.2k+

Pedri, Ýamal we Dembele FIFA-nyň simwolik toparyna girdi

«Barselonanyň» ispaniýaly oýunçylary Pedri we Lamin Ýamal, şeýle-de «Pari Sen-Žermeniň» fransiýaly hüjümçisi Usman Dembele Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan 2024/25 möwsüminiň simwolik toparyna girizildi...

2.2k+

Donnarumma möwsümiň iň gowy derwezebany hökmünde FIFA-dan The Best baýragyny aldy

Italiýaly derwezeban Janluiji Donnarumma geçen möwsümiň iň gowy derwezebany hökmünde FIFA-nyň The Best baýragynyň eýesi boldy. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berildi. Häzirki wagtda «Mançester Sitide» çykyş edýän derwezeban bu baýragy 2024-nji ýylyň 11-nji awgustyndan 2025-nji ýylyň 2-nji awgusty aralygyndaky ajaýyp çykyşlary üçin aldy...

6.3k+

Mbappe «PSŽ-e» garşy kazyýet işinde utdy: klub oňa 61 mln ýewro tölär

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe öňki kluby «Pari Sen-Žermene» garşy tölenmedik zähmet haklary we bonuslar bilen bagly kazyýet işinde ýeňiş gazandy. Parižiň Zähmet dawalary boýunça kazyýeti «PSŽ-ni» futbolça rugsat tölegleri bilen birlikde 61 mln ýewro tölemäge borçlandyrdy...

1.7k+

Luis Enrike möwsümiň iň gowy tälimçisi boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» klubuna ýolbaşçylyk edýän ispaniýaly hünärmen Luis Enrike The Best FIFA Football Awards dabarasynda 2024/25 möwsüminiň iň gowy tälimçisi diýlip atlandyryldy. Bu barada Dohada geçirilen dabarada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) yglan etdi...

8.6k+

Aşraf Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy diýlip ykrar edildi

“Pari Sen-Žermeniň” marokkoly goragçysy Aşraf Hakimi Afrikada 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy Marokkonyň Rabat şäherinde geçirildi. Baýraga “Liwerpulyň” hüjümçisi Mohamed Salah we “Galatasaraýyň” oýunçysy Wiktor Osimhen hem dalaş edipdi...

17k+

Mbappe kazyýetiň üsti bilen “PSŽ-den” 263 mln ýewro, klub bolsa futbolçydan 440 mln ýewro talap edýär

Kilian Mbappe we “Pari Sen-Žermen” kazyýetde biri-birine uly mukdarda maliýe talaplaryny bildirdi. Iş 17-nji noýabrda Parižiň zähmet dawalary boýunça kazyýetinde başlandy. Le Monde-niň habar bermegine görä, hüjümçi şertnamany uzaltmakdan ýüz öwrenden soň ýaramaz gatnaşygy üçin klubdan 263 mln ýewro möçberde öwez tölegini talap edýär...

3.7k+

PSŽ geçen möwsümde rekord – 837 mln ýewro gazandy

“Pari Sen-Žermen” futbol kluby geçen möwsüm boýunça 837 million ýewro girdeji gazandy. Bu maglumat klubuň çap eden maliýe hasabatynda görkezilýär. Bu görkeziji klub üçin rekord hasaplanýar. Gurama erkekler we aýallar futbol toparlaryny, şeýle-de gandbol, dzýudo we kibersport ugurlaryny öz içine alýar...

8.1k+

UEFA-nyň Çempionlar ligasy: “PSŽ” “Barselonany” utdy, “Karabah” ikinji ýeňşini gazandy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynda umumy tapgyryň ikinji oýunlary tamamlandy. Agşamyň esasy duşuşygy Barselonada geçirildi, bu ýerde katalon kluby ýaryşyň häzirki çempiony “Pari Sen-Žermeni” kabul etdi. “Barselona” eýýäm ilkinji minutlarda hasaby açyp bilerdi, ýöne parižlileriň goragçysy Ilýa Zabarnyý Ferran Torresiň urgusyndan soň topuň derwezä girmegine mümkinçilik bermedi...

3.2k+

FIFA-nyň yklymara kubogynyň jemleýji ýaryşy Katarda geçiriler

Katar FIFA-nyň 2025-nji ýylda geçiriljek yklymara kubogynyň jemleýji ýaryşyny kabul eder. Bu barada Halkara Futbol Federasiýasynyň resmi web sahypasynda yglan edildi. Ýaryşyň soňky üç oýny Katarda geçer. 10-njy dekabrda "Iki Amerikanyň derbisi" geçiriler: meksikaly “Krus Asul” şu ýylky Libertadoresiň Kubogynyň ýeňijisi bilen bäsleşer...

5.3k+

“PSŽ” – möwsümiň iň gowy kluby, Luis Enrike – iň gowy tälimçi

Fransiýanyň “PSŽ” kluby France Football žurnaly tarapyndan möwsümiň iň gowy futbol kluby, oňa ýolbaşçylyk edýän Luis Enrike bolsa iň gowy tälimçi diýlip ykrar edildi. Dabara duşenbe güni Parižde geçirildi. Geçen möwsümde “PSŽ” Çempionlar ligasynda, Fransiýanyň çempionatynda, Kubogynda we Superkubogynda ýeňiji boldy...

4.4k+

Donnarumma iň gowy derwezeban hökmünde Lew Ýaşin baýragyny aldy

Italiýanyň milli futbol ýygyndysynyň derwezebany Janluiji Donnarumma France Football žurnaly tarapyndan möwsümiň iň gowy derwezebany hökmünde Lew Ýaşin adyndaky baýraga mynasyp boldy. Baýragy oňa watandaşy – Italiýanyň milli ýygyndysynyň öňki derwezebany Janluiji Buffon gowşurdy...

9.7k+

“PSŽ-niň” futbolçysy Usman Dembele “Altyn topuň” eýesi boldy

“Pari Sen-Žermen” klubunyň fransiýaly futbolçysy Usman Dembele UEFA we L’Equipe bilen bilelikde France Football žurnaly tarapyndan möwsümiň iň gowy futbolçysyna berilýän “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy duşenbe güni Pariždäki Şatle teatrynda geçirildi...

6.7k+

Luis Enrike Ýewropanyň iň gowy 30 tälimçisiniň sanawynda birinji orny eýeledi

ESPN portaly Ýewropanyň iň gowy 30 futbol tälimçisiniň reýtingini hödürledi. Birinji orny ispaniýaly hünärmen, fransuz “Pari Sen-Žermeniniň” baş tälimçisi Luis Enrike eýeledi. Awtorlar reýting düzülende tälimçiniň ussatlygy, stili, topary dolandyryşy, aragatnaşyklary, üstünlikleri we haýran galdyrmak, täze pikirleri döretmek we şowsuzlyklardan soň dikelmek ukyby göz öňünde tutuldy...

8.8k+

“PSŽ” “Tottenhemi” penalti tapgyrynda utup, UEFA-nyň Superkubogyny gazandy

14-nji awgusta geçilen gije Italiýanyň Udine şäherinde UEFA-nyň Superkubogy üçin oýun geçirildi. Fransiýanyň “Pari Sen-Žermeni” Angliýanyň “Tottenhem” klubuny utdy. Duşuşygyň esasy wagty deňme-deň – 2:2 hasabynda tamamlandy we ýeňiji oýundan soňky penalti tapgyrynda kesgitlendi (4:3)...

11k+

Donnarumma “PSŽ-den” gidýär: “Kimdir biri meni toparda artyk hasaplaýar”

Italiýaly derwezeban Janluiji Donnarumma Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” klubundan gitmekçi bolýar. Bu barada futbolçy sosial ulgamlarda habar berdi. Mundan öň parižlileriň baş tälimçisi Luis Enrike Donnarummany UEFA-nyň Superkubogy üçin “Tottenheme” garşy oýunda sanawa goşmazlyk barada hut özüniň karara gelendigini aýtdy...

9.9k+

Şeşko “ManÝunaýtediň” düzümine goşuldy, Inýigo Martines “Barselonadan” gidýär

“Mançester Ýunaýted” 22 ýaşly sloweniýaly hüjümçi Benýamin Şeşko bilen şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Klub bilen oýunçynyň şertnamasy 2030-njy ýylyň iýunyna çenli hereket eder. Resmi däl maglumatlara görä, “MÝ” transfer üçin “RB Leýpsige” 76,5 mln ýewro töledi, şeýle-de 8,5 mln ýewro möçberde bonus göz öňünde tutuldy...

8.7k+

UEFA “PSŽ-e” €148,4 mln möçberde rekord pul baýragyny berer

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Çempionlar ligasy möwsüminiň netijesi boýunça “PSŽ” fransuz klubuna 148,4 mln ýewro tölär. Bu barada X sosial ulgamynda Football Meets Data habar berýär. Bu mukdar 5:0 hasabynda tamamlanan “Inter” bilen final oýnundaky ýeňiş üçin 6,5 mln ýewrony öz içine alýar...

5.7k+

“PSŽ” we “Tottenhem” UEFA-nyň Superkobugy ugrunda bäsleşer

2025-nji ýylda UEFA-nyň Superkubogy ugrunda Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” kluby bilen Angliýanyň “Tottenhemi” duşuşar. Bu oýun, adatça, täze möwsüm başlamazdan öň geçirilýär. Onda Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bilen Ýewropa ligasynyň ýeňijisi duşuşýar...