Aşraf Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy diýlip ykrar edildi

  • 21.11.2025 12:47
  • 8.7k+

“Pari Sen-Žermeniň” marokkoly goragçysy Aşraf Hakimi Afrikada 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy Marokkonyň Rabat şäherinde geçirildi.

Baýraga “Liwerpulyň” hüjümçisi Mohamed Salah we “Galatasaraýyň” oýunçysy Wiktor Osimhen hem dalaş edipdi.
Hakimi 27 ýaşynda. Ol geçen möwsümde “PSŽ” bilen bilelikde Fransiýanyň çempionatyny, ýurduň Kubogyny we Superkubogyny utdy. Şeýle-de, topar taryhda ilkinji gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy we Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çykdy. 


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......