Pedri, Ýamal we Dembele FIFA-nyň simwolik toparyna girdi

  • 17.12.2025 10:52
  • 5.6k+

«Barselonanyň» ispaniýaly oýunçylary Pedri we Lamin Ýamal, şeýle-de «Pari Sen-Žermeniň» fransiýaly hüjümçisi Usman Dembele Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan 2024/25 möwsüminiň simwolik toparyna girizildi.

Topara goşulan oýunçylaryň atlary sişenbe güni Dohada geçirilen The Best FIFA Footbal Awards dabarasynda yglan edildi.
Simwolik topar şeýle görnüşde:

  • Derwezeban: Janluiji Donnarumma (Italiýa, «PSŽ»/«Mançester Siti»)
  • Goragçylar: Aşraf Hakimi (Marokko), Wilýan Paço (Ekwador), Nunu Mendeş (Portugaliýa) – (hemmesi «PSŽ»), Wirjil wan Deýk (Niderlandlar, «Liwerpul»)
  • Ýarymgoragçylar: Koul Palmer (Angliýa, «Çelsi»), Jud Bellingem (Angliýa, «Real»), Witinýa (Portugaliýa, «PSŽ»), Pedri (Ispaniýa, «Barselona»)
  • Hüjümçiler: Lamin Ýamal (Ispaniýa, «Barselona»), Usman Dembele (Fransiýa, «PSŽ»)

düýn 20:28
6.8k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
9.2k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.2k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....