12k+

Globe Soccer Awards-yň ýeňijileri yglan edildi: Ýamal — iň oňat hüjümçi, Dembele — ýylyň oýunçysy, Ronaldu — Ýakyn Gündogarda iň gowy

Abraýly Globe Soccer Awards baýragynyň eýeleri mälim edildi. Sylag gowşurylyş dabarasy Dubaýda (BAE) geçirildi. Bu ýyl baýraklaryň agramly bölegine «Pari Sen-Žermen» (PSŽ) toparynyň wekilleri mynasyp boldular. Fransuz kluby geçen möwsümde Çempionlar ligasyny, Fransiýanyň çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny gazandy, şeýle-de Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çenli ýetdi...

5.3k+

Pedri, Ýamal we Dembele FIFA-nyň simwolik toparyna girdi

«Barselonanyň» ispaniýaly oýunçylary Pedri we Lamin Ýamal, şeýle-de «Pari Sen-Žermeniň» fransiýaly hüjümçisi Usman Dembele Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan 2024/25 möwsüminiň simwolik toparyna girizildi...

9.4k+

Dünýäniň iň gymmat oýunçylarynyň sanawynda Holand Ýamal bilen deňleşdi

“Mançester Sitiniň” we Norwegiýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand 200 million ýewro bahasy bilen dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. Transfermarkt-iň täzelenen reýtingine görä, norwegiýaly oýunçynyň transfer bahasy 20 million ýewro ýokarlanyp, “Barselonanyň” we Ispaniýanyň ýygyndysynyň wingeri Lamin Ýamal bilen deňleşdi...

13k+

"Real" soňky bir ýarym ýylda ilkinji gezek "Barselonadan" üstün çykdy

Madridiň «Realy» Ispaniýanyň çempionatynyň 10-njy tapgyrynda öz meýdançasynda «Barselonany» 2:1 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşyk futbol taryhynda 262-nji «El-klasiko» boldy. Duşuşygyň eýýäm 2-nji minutynda katalonlylaryň derwezesine penalti bellenildi, emma soňra bu karar ýatyryldy...

6.9k+

Mundo Deportivo: Ýamal gymmatyny artdyrmak üçin awtograf paýlamagyny bes eder

“Barselonanyň” wingeri Lamin Ýamal, ähtimal, indi awtograf paýlamagyny bes etse gerek. Mundo Deportivo neşiriniň maglumatlaryna görä, oýunçy tanymal türgenler tarapyndan gol goýlan sport harytlaryny we egin-eşikleri satmak bilen meşgullanýan kompaniýa bilen şertnama baglaşmaga taýýarlanýar...

7.2k+

“Barselona” “Komony” utup, Žoan Gamperiň Kubogyny gazandy

"Barselona” möwsümden öňki taýýarlygyny Žoan Gamperiň Kubogy ugrunda “Komo 1907” toparyna garşy oýun bilen tamamlady. Bu Seriýa A ligasyna täze goşulan topar bolup, oňa kataloniýalylaryň öňki oýunçysy Sesk Fabregas tälim berýär...

9.9k+

UEFA Lewandowski bilen Ýamala doping-gözegçilik düzgünlerini bozandygy üçin jerime saldy

UEFA “Barselonanyň” iki oýunçysyna geçen möwsüm Çempionlar ligasynyň 1/2 finalynyň “Intere” garşy jogap oýnundan soň doping-gözegçilik düzgünlerini bozandygy üçin jerime saldy. Bu barada AS gazeti habar berdi. Katalon klubunyň hüjümçileri Lamin Ýamal we Robert Lewandowski doping işgäriniň görkezmesini berjaý etmedi we düzgünnamanyň talaplaryna laýyklykda derrew barlag nokadyna gelmedi...

10k+

Ýamal CIES tarapyndan dünýäniň iň gymmat futbolçysy diýlip atlandyryldy

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Halkara sport gözlegleri merkeziniň (CIES Football Observatory) wersiýasy boýunça dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. “Barselona” bilen täze şertnama baglaşandan soň, onuň transfer bahasy 402,3 mln ýewro diýlip hasaplandy...

7.3k+

Ýamal “Barselona” bilen şertnamany 2031-nji ýyla çenli uzaltdy

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň we “Barselonanyň” hüjümçisi Lamin Ýamal katalon kluby bilen şertnamany uzaltdy. Bu barada klubuň saýtynda habar berilýär.  17 ýaşly futbolçy bilen täze şertnama 2031-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder...

11k+

Lamin Ýamal täze möwsümden “Barselonada” 10-njy belgini alar

Lamin Ýamal täze möwsümden başlap, “Barselonada” meşhur onunjy belgide oýnar. Klubuň ýolbaşçylygy bu belgini ýaş futbolça 13-nji iýuldan soň, oýunçy 18 ýaşyna ýetenden soň bermek kararyna geldi diýip, X sosial ulgamynda Memorabilia1899 akkaunty habar berýär...

11k+

“Barselona” 28-nji gezek futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony boldy

“Barselona” Ispaniýanyň çempionatynda möhletinden öň ýeňiji boldy. La Liganyň 36-njy tapgyrynyň myhmançylykda geçirilen oýnunda topar “Espanýoly” 2:0 hasabynda utdy. Duşuşygyň 53-nji minutynda Lamin Ýamal gol geçirdi, goşulan wagtyň 6-njy minutynda bolsa Fermin Lopes tapawutlandy...

14k+

“Barselona” goşmaça wagtda “Realy” utup, 32-nji gezek Ispaniýanyň Kubogyny gazandy

“Barselona” Ispaniýanyň Kubogynyň finalynda Madridiň “Realyny” goşmaça wagtda 3:2 hasabynda utdy. Oýunda birinji bolup hasaby “Barselona” açdy – 28-nji minutda Pedri gol geçirdi. “Real” 70-nji minutda Kilian Mbappeniň jerime urgusynyň netijesinde hasaby deňledi, ýene 7 minutdan Orelýen Tçuameni madridlileri öňe çykardy...

5.8k+

Adidas Lamin Ýamalyň eksklýuziw butsularyny hödürledi

Adidas Lamin Ýamalyň eksklýuziw gülgüne butsularyny hödürledi. Model “F50 LY304” diýlip atlandyryldy. Butsular geçen möwsümde “Barselonanyň” ispaniýaly oýunçysynyň gazanan üstünliklerine bagyşlanýar. Ispaniýanyň...

5k+

Lamin Ýamal ÝUNISEF-iň ilçisi boldy

Katalonlaryň "Barselonasynyň" we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Lamin Ýamal Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ilçisi boldy. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berdi. Bellenilişi...

8.2k+

CIES 21 ýaşa çenli iň gymmat futbolçylary belli etdi

Halkara sport gözlegleri merkezi (CIES) 21 ýaşdan kiçi iň gymmat 100 oýunçynyň reýtingini düzdi. Sanawyň iň başynda “Barselonanyň” oýunçysy Lamin Ýamal ýerleşdi. Ol 180,9 mln ýewro bilen bahalandyrylýar. Ýamaldan...

19k+

4:0. La ligada "Barselona" "Realy" derbi-dagyn etdi

Ispaniýanyň La Ligasynyň 11-nji tapgyrynyň çäginde 27-nji oktýabra geçilýän gije Madridiň "Realy" öz meýdançasynda "Barselonadan" ýeňildi. "Santýago Bernabeu" stadionynda geçirilen "El Klasiko" 4:0 hasabynda tamamlandy...