“Meniň belgim. Meniň taryhym”: Ýamal “Barselonada” 10-njy belgini aldy

  • 17.07.2025 17:13
  • 12k+

“Barselonanyň” wingeri Lamin Ýamal 10-njy belginiň täze eýesi boldy. Bu barada ol sosial ulgamlarda habar berip, suratlary bilen paýlaşdy.

“Meniň belgim. Meniň taryhym. Meniň syýahatym. x10” – diýip, futbolçy ýazdy.

Şeýle-de, ol öz profilindäki esasy suratyny üýtgetdi: ol ýerde indi futbolçynyň egninde alawlap duran 10-luk belgili arkasynyň suraty dur.
Belläp geçsek, 13-nji iýulda futbolçy 18 ýaşyny doldurdy. Şondan soň Ýamal “Barselona” bilen şertnamasyny 2031-nji ýylyň tomsuna çenli uzaltdy.
Taraplar täze şertnama gol çekmek barada, aslynda, maý aýynyň ahyrynda ylalaşdy, ýöne şol wagt mesele oýunçynyň kämillik ýaşyna çenli yza süýşürildi, üstesine-de Ýamal dabarada öz enesini görmek isledi. Indi klub gol çekilendigi barada resmi taýdan yglan etdi.
“Barselonanyň” ýolbaşçylygy Ýamaly diňe bir ýaş zehin däl, eýsem strategik taýdan möhüm oýunçy hasaplaýandygyny aýdyň görkezdi. Onuň şertnamasynda möhletinden ir satyn almak üçin ägirt mukdar – 1 mlrd ýewro görkezilýär.
“Barselonada” soňky gezek 10-njy belgini göteren oýunçy Ansu Fati bolupdy. Ýakynda klub ony “Monako” kärendesine berdi. Ondan öň, 2008-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli bu belgi Lionel Messä degişli boldy. Ýamalyň özi geçen möwsüm 19-njy belgide oýnady. Bu belgini argentinaly oýunçy hem alypdy.
Geçen möwsümde Ýamal “Barselona” bilen Ispaniýanyň çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny utdy. Onuň hasabynda ähli ýaryşlarda 55 oýun, 18 gol we 25 assist bar.
2024-nji ýylyň noýabrynda Ýamal Ýewropanyň iň gowy ýaş futbolçysy hökmünde Golden Boy baýragyny aldy. Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Ýewropa çempionaty – 2024-i utdy. Şeýle-de, ol Transfermarkt portaly boýunça, dünýäniň iň gymmat futbolçysydyr (200 mln ýewro).


şu gün 13:42
728

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......