Lamin Ýamal “Ýylyň öňegidişligi” ugry boýunça Laureus baýragyny aldy

  • 23.04.2025 00:00
  • 4.8k+

“Barselonanyň” we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň 17 ýaşly wingeri Lamin Ýamal Madridde geçirilen Laureus World Sports Awards 2025 dabarasynda “Ýylyň öňegidişligi” baýragyny aldy. Bu barada baýragyň metbugat gullugy X sosial ulgamynda habar berýär.

Futbolçy şu möwsüm “Barselonanyň” üstünliginde möhüm orun eýeledi. Ol La Ligada alty gol geçirip, 12 assist etdi we Çempionlar ligasynda-da üç gol geçirdi. 2024-nji ýylyň tomsunda ol 16 ýaşynda Ýewropa çempionatyna gatnaşan iň ýaş oýunçy boldy hem-de 17 ýaşynyň dolan gününiň ertesi ýaryşda ýeňiş gazandy.
Geçen ýyl bu nominasiýada baýragy “Realyň” ýarymgoragçysy Jud Bellingem alypdy. Baýrak belli türgenleri öz içine alýan halkara eminler tarapyndan berilýär.  


şu gün 14:15
1.7k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.3k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.3k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......