Adidas Lamin Ýamalyň eksklýuziw butsularyny hödürledi

  • 19.12.2024 11:51
  • 6k+

Adidas Lamin Ýamalyň eksklýuziw gülgüne butsularyny hödürledi. Model “F50 LY304” diýlip atlandyryldy.

Butsular geçen möwsümde “Barselonanyň” ispaniýaly oýunçysynyň gazanan üstünliklerine bagyşlanýar. Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen bilelikde ol Ýewro 2024-de ýeňiji boldy we ýaşy 21-e çenli bolan oýunçylaryň arasynda ýaryşyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi.

"Şahsy isleglerinden ylham alan Ýamal esasy reňk hökmünde gülgüne reňki saýlady we häsiýetli F50 logotipi dogduk şäheriniň poçta indeksine hormat hökmünde "304” diýip ýazylan altyn sanlar bilen çalşyryldy" – diýip, Marca neşiri aýakgabyň teswirinde aýdylýan sözleri getirýär.

Ýamal Espluges-de-Lýobregat şäherinde dünýä indi, ýöne Mataro şäheriniň  Rokafonda etrabynda ulaldy.


düýn 19:10
4.1k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.5k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....