«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi.
Futbolçy özüniň soňky resmi duşuşygyny 2024-nji ýylyň aprel aýynda, Italiýanyň «Milan» klubundan kärendesine alnan hökmünde «Nottingem Forest» toparynyň düzüminde geçiripdi.
«Men çagalyk arzuwymy amala aşyrdym — iň uly stadionlarda çykyş etdim we iň esasy kuboklary gazandym. Maňa berlen ähli zatlar üçin Hudaýa şükür edýärin. Meniň bu ugurdaky wezipäm tamamlandy. Indi bolsa durmuşymyň geljekki tapgyryna gadam basýaryn. Öňde has uly sepgitler bar. Dowamy bar...» – diýip, Origi özüniň Instagram sahypasynda ýazdy.
Belgiýaly hüjümçi karýerasynyň dowamynda Fransiýanyň «Lill» we Germaniýanyň «Wolfsburg» klublarynda hem çykyş edipdi.
Origi iň uly üstünliklerine Angliýanyň «Liwerpul» toparynyň düzüminde ýetmegi başardy. Ol iňlis kluby bilen bilelikde 2020-nji ýylda Angliýanyň çempiony boldy, 2022-nji ýylda Angliýanyň Kubogyny we Iňlis ligasynyň Kubogyny gazandy, şeýle hem 2019-njy ýylda Klublaýyn dünýä çempionatynyň, Çempionlar ligasynyň we UEFA-nyň Superkubogynyň ýeňijisi boldy.
Hüjümçi Belgiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 32 oýna gatnaşyp, 3 gol geçirmegi başardy.
Originiň karýerasyndaky iň belli pursatlaryň biri — 2018/19 möwsüminde Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda «Barselona» toparyna garşy geçirilen jogap oýnudyr. Onuň 4:0 hasabynda tamamlanan duşuşykda geçiren goly «Liwerpula» birinji oýundaky 0:3 hasabyndaky ýeňlişden soň utmaga we finala çykmaga kömek edipdi, netijede bolsa topar şol ýyl ýaryşyň ýeňijisi boldy.

