Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

  • şu gün 18:20
  • 752

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär.

63 ýaşly portugaliýaly hünärmeniň täze şertnamasy 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir.

Bu wezipede Mourinýu Alwaro Arbeloany çalyşdy. Ýatlap geçsek, Arbeloa kluba şu ýylyň ýanwar aýynda Habi Alonso wezipeden gidenden soň gelipdi.

«Real» üçin geçen möwsüm şowsuz tamamlandy: topar Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynda «Bawariýadan» utulyp (duşuşyklaryň umumy hasaby 4:6), ýaryşdan gaýtdy, 11-nji maýda bolsa «Barselonadan» utulyp, onuň Ispaniýanyň çempiony bolmagyna ýol berdi.

Žoze Mourinýu ozal 2010–2013-nji ýyllar aralygynda hem Madrid topary bilen işleşipdi. Portugaliýaly tälimçi bilen «Real» Ispaniýanyň çempionatyny (2011/12), ýurduň Kubogyny (2010/11) we Ispaniýanyň Superkubogyny (2011/12) utdy.

Mourinýunyň soňky iş ýeri Portugaliýanyň «Benfika» kluby bolup, ol bu toparyň tälimçi wezipesine 2025-nji ýylyň sentýabrynda bellenilipdi.

Özüniň tälimçilik karýerasynyň dowamynda Mourinýu Portugaliýanyň «Uniao Leýriýa» we «Portu», Italiýanyň «Inter» we «Roma», Angliýanyň «Çelsi», «Mançester Ýunaýted» we «Tottenhem», şeýle hem Türkiýäniň «Fenerbahçe» ýaly klublaryna hem ýolbaşçylyk etdi.


şu gün 11:10
6.2k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

düýn 23:57
3.3k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
11k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.8k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......