«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

  • şu gün 12:33
  • 2.9k+

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň berýän maglumatlaryna görä, parižlileriň düzüminiň umumy bahasy 1,37 milliard ýewro ýetdi.

Sanawyň ikinji ornunda düzüminiň umumy bahasy 1,34 milliard ýewro barabar bolan «Real Madrid» ýerleşýär. Üçünji orny bolsa 1,32 milliard ýewro bilen «Mançester Siti» eýeleýär.

Dünýäniň iň gymmat bäş klubunyň hataryna UEFA Çempionlar ligasynyň finalçysy «Arsenal» (1,23 milliard ýewro) we Ispaniýanyň çempiony «Barselona» (1,17 milliard ýewro) hem girdi.

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli ýagdaýa görä düzüminiň gymmaty boýunça TOP-5 klub:

  • «PSŽ» — 1,37 mlrd ýewro
  • «Real Madrid» — 1,34 mlrd ýewro
  • «Mançester Siti» — 1,32 mlrd ýewro
  • «Arsenal» — 1,23 mlrd ýewro
  • «Barselona» — 1,17 mlrd ýewro

şu gün 17:07
3.5k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

şu gün 16:24
2.6k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 18:20
3.9k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
9.3k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....