Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli kuboklarynyň we titullarynyň ýatyrylmagyny talap etdi. Bu barada «Diario AS» gazeti habar berýär.
Maý aýynda «Realyň» prezidenti Florentino Peres öz klubunyň Negreýranyň işi boýunça 600 sahypalyk ýörite dosýe taýýarlaýandygyny we UEFA-a ýüz tutmakçydygyny mälim edipdi. Ol bikanun hereketler sebäpli diňe bir «Realyň» däl, eýsem beýleki klublaryň hem uly zyýan çekendigini, şol bir wagtda «Barselonanyň» bolsa hemişelik artykmaçlyga eýe bolandygyny nygtapdy.
Neşiriň ýazmagyna görä, «Real» eýýäm hukuk delillerinden we subutnamalardan ybarat bolan dosýeni UEFA-a geçirdi. Madrid klubunyň pikiriçe, bu subutnamalar jeza çykarmak üçin doly ýeterlikdir.
«Real» «Barselonanyň» Ýewropa ýaryşlaryndan çetleşdirilmegini, şeýle hem katalonlaryň 2001–2018-nji ýyllar aralygynda gazanan ähli titullarynyň ýatyrylmagyny talap edýär. Bu döwürde «Barselona» Ispaniýanyň çempionatynyň 9 titulyny, 6 gezek Ispaniýanyň Kubogyny we 8 gezek ýurduň Superkubogyny gazanypdy.
Bu uly dawanyň merkezinde — 1994-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasynyň Eminleriň tehniki komitetiniň (CTA) wise-prezidenti wezipesini eýelän Hose Mariýa Enrikes Negreýra durýar. Derňew işleriniň tassyklamagyna görä, 2001–2018-nji ýyllar aralygynda «Barselona» Negreýra bilen baglanyşykly bolan kompaniýalaryň hasaplaryna, takmynan, 8,4 million ýewro geçiripdir.
Prokuratura katalon klubuny eminleriň bellenilişine täsir etmek maksady bilen satyn almakda aýyplady. Emma Negreýranyň özi bu pullaryň haýsydyr bir anyk emin çözgütleri üçin däl-de, «eminlikde bitaraplygy üpjün etmek üçin» tölenendigini öňe sürýär, «Barselona» bolsa bu tölegleri diňe maslahat beriş hyzmatlary we eminler baradaky seljeriş hasabatlaryny almak üçin berlendigi bilen düşündirýär.
2024-nji ýylyň maýynda Ispaniýanyň kazyýeti Negreýranyň ispan kanunçylygyna görä döwlet gullukçysy bolmandygy sebäpli, wezipeli şahsy satyn almakda aýyplamalary ret edipdi. Muňa garamazdan, derňew işleri sport korrupsiýasy maddasy boýunça dowam etdirildi. 2026-njy ýylyň martynda kazy derňew möhletini ýene-de alty aý uzaltmak barada çözgüt kabul etdi — kazyýet işi resmi taýdan häzirem dowam edýär.
Öz gezeginde, «Barselonanyň» ýolbaşçylary ähli aýyplamalary düýbünden ret edýär we «Realyň» bu talaplaryny diňe öz içki meselelerinden ünsi başga tarapa sowmak synanyşygy diýip häsiýetlendirýär.