Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

  • 08.06.2026 16:09
  • 9.7k+

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge, taktiki arakesmeleri çäklendirmäge we eminiň wideo-kömekçisi (VAR) ulgamynyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge gönükdirilendir.

Derwezebanlaryň şikesleri sebäpli oýny duruzmakda çäklendirmeler

FIFA-nyň eminler komitetiniň başlygy Pýerluiji Kollina derwezebana lukmançylyk kömegi berilýän wagty, meýdançadaky oýunçylara tälimçileriň oturýan ýerlerine golaýlaşmagyň gadagan edilendigini habar berdi. Futbolçylar öz orunlarynda galmaly ýa-da meýdançanyň merkezindäki tegelege ýygnanmaly.

Oýunçy çalşyrmagyň täze düzgünleri

Emin çalşygy duýdurandan soň, meýdançadan çykýan oýunçy muny 10 sekuntyň dowamynda berjaý etmeli. Eger-de bu wagt çäginden geçilse, oňa sary kart görkeziler, topar bolsa oýun indiki gezek duruzylýança (ýöne azyndan bir minut geçmeli) wagtlaýyn bir oýunçy kem bolup oýnamaly bolar.

Lukmançylyk kömeginden soňky çäklendirmeler

Eger oýun futbolça kömek bermek üçin togtadylan bolsa, oýun täzeden başlanandan soň, futbolçy meýdançanyň daşynda azyndan bir minut galmaly bolar. Kadadan çykmalar derwezebanlar, beýniniň sarsmak şübhesi bolan ýagdaýlar, şeýle hem düzgüni bozan oýunçynyň sary ýa-da gyzyl kart bilen jezalandyrylan pursatlary üçin bolup biler.

Wagt çekmäge garşy göreş

Eminler gapdaldan zyňylanda, derwezeden top oýna girizilende we käbir standart ýagdaýlarda bäş sekuntlyk wagt hasaplamasyny ulanyp biler. Aut zyňmak gijikdirilen ýagdaýynda, top garşydaş topara geçer, derwezeden urgy gijikdirilen ýagdaýynda bolsa burçdan urgy belleniler. Eger derwezeban topy elinde 8 sekuntdan köp saklasa, garşydaş topar ýene-de burçdan urgy urmak hukugyny alar.

Düzgün-nyzam üýtgemeleri

Dawa wagtynda agzyny eli, bilegi ýa-da futbolkasy bilen ýapýan oýunçy göni meýdançadan çykarylar. Şeýle hem, närazylyk hökmünde meýdançany görnetin taşlap giden oýunçylara hem gyzyl kart berler. Eger meýdançany bütin topar taşlap gitse, oňa tehniki ýeňliş berlip bilner.

VAR ulgamynyň ygtyýarlyklarynyň giňeldilmegi

VAR ulgamy ýalňyşlyk bilen görkezilen ikinji sary kart we nädogry bellenilen burç urgularyna goşulyp biler. Mundan başga-da, wideo-kömekçiler burçdan we jerime urgularyndan öň, top oýna girizilmezden ozal hüjüm edýän toparyň wekilleriniň düzgün bozmalaryny barlamaga hukuk gazandy. Eger düzgün bozma anyklansa, emin goly ýatyryp biler, standart urgyny täzeden gurnap biler ýa-da düzgüni bozan oýunçyny jezalandyryp biler.


düýn 23:41
1.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......