FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi, onuň şahsy uçary bolsa 50 122 kilometr ýol geçdi — bu Ýeriň ekwatorynyň uzynlygyndan hem köpdür.
Futbol işewüriniň dürli stadionyň münberlerinde ýygy-ýygydan peýda bolmagy hatda internetde Infantinonyň ekiz taýynyň bolup biljekdigi barada degişmelerdir gümanlara hem sebäp boldy.
Neşiriň maglumatyna görä, kä günlerde FIFA-nyň ýolbaşçysy üç sapara çenli uçuşy amala aşyrypdyr. Iň uzak uçar gatnawy Wankuwerden Maýami şäherine çenli 4 507 kilometrlik gatnaw boldy, iň gysgasy bolsa Filadelfiýadan Nýu-Jersi şäherine çenli 148 kilometrlik uçuş boldy.
Klimatologlar hem bu uçuşlaryň ekologiýa täsirlerine baha berdiler. Olaryň hasaplamalaryna görä, FIFA-nyň prezidentiniň iki hepdelik uçuşlary bilen bagly uglerod gazy zyňyndylarynyň möçberi ortaça 78 adamyň bir ýylyň dowamynda klimata ýetirýän täsirine deňdir.
