DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

  • şu gün 12:43
  • 1.5k+

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly anyklanyldy.

L toparça

Horwatiýa — Gana — 2:1

Milli ýygyndylaryň arasyndaky bu duşuşyk ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň Filadelfiýa şäherindäki «Linkoln Faýnenşel Fild» stadionynda geçirildi.

Horwatlar oýnuň 31-nji minudynda Petar Suçiçiň uran goly bilen öňe geçdiler. Gana ýygyndysy bolsa 73-nji minutda Derrik Lýukkasseniň goly arkaly hasaby deňlemegi başardy.

Duşuşygyň iň soňky nokadyny 83-nji minutda Nikola Wlaşiç goýdy. Ol Luka Modriçiň burçdan goýberen jerime urmasyndaky ýokardan galgadyp beren pasyny kelle bilen derwezä gönükdirdi. Ýeri gelende aýtsak, Luka Modriç dünýä çempionatlarynyň taryhynda gol pasyny beren iň garry futbolçy boldy. Ol bu taryhy pasy beren pursadynda 40 ýaş 291 günlükdi.

Şeýlelikde, Horwatiýa 6 utuk toplap, 1/16 finala çykdy. Gana hem 4 utuk bilen öz toparçasynda üçünji ýeri eýelän iň gowy toparlaryň biri hökmünde indiki tapgyrda bäsleşigini dowam etdirer.

Panama — Angliýa — 0:2

ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Raterford şäherindäki «Metlaýf» stadionynda geçirilen oýna 80 müňden gowrak tomaşaçy geldi. Duşuşygyň ilkinji ýarymynda derwezelere gol urulmady.

Oýnuň 62-nji minudynda Bukaýo Sakanyň pasyndan soň Jud Bellingem hasaby açdy. 67-nji minutda bolsa Harri Keýn şol bir Bellingemiň beren netijeli pasyny gola öwrüp, iňlisleriň artykmaçlygyny iki esse artdyrdy.

Duşuşyk doly dderejede Angliýanyň milli ýygyndysynyň mesaňa artykmaçlygy bilen geçdi. Bu netije ýaryş jedwelindäki ýagdaýa täsir etmedi: Angliýa toparçadan göni indiki tapgyra çykdy, Panama bolsa çempionat bilen hoşlaşýar.

L toparçadaky gutarnykly ýagdaý:

  1. Angliýa — 7 utuk (gollaryň tapawudy 6:2);
  2. Horwatiýa — 6 utuk (5:5);
  3. Gana — 4 utuk (2:2);
  4. Panama — 0 utuk (0:4).

K toparça

DR Kongo — Özbegistan — 3:1

Duşuşyk ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Atlanta şäherindäki «Mersedes-Bens» stadionynda 69 müňe golaý janköýeriň gatnaşmagynda geçirildi.

Oýnuň 10-njy minudynda Eldor Şomurodow goragçylaryň goýberen ýalňyşlygyndan peýdalandy we Akbar Mozgowoýyň pasyndan soň Özbegistany öňe geçirdi. 17-nji minutda kongolylar jogap goluny uran hem bolsalar, VAR ulgamynyň duýduryşyndan soň, baş emin bu goly hasaba almady.

Oýnuň 66-njy minudynda «Mançester Siti» toparynyň oýunçysy Abdukodir Husanowyň eden gödek hereketi sebäpli, Özbegistanyň derwezesine penalti bellenildi. 11 metrlik jerime urgusyny Ýoan Wissa takyk ýerine ýetirip, hasaby deňledi. 78-nji minutda Fiston Maýele afrikaly topary öňe geçirdi, oýna goşulan goşmaça wagtda bolsa (90+1) Meşak Elianyň pasyndan soň Ýoan Wissa dubl etdi.

Bu utuk sypdyrylyp, soňra gazanylan kambek DR Kongony taryhynda ilkinji gezek pleý-off tapgyryna çykardy. Özbegistanyň milli ýygyndysy bolsa ýekeje utuk hem toplap bilmän, çempionatdaky çykyşyny tamamlady.

Kolumbiýa — Portugaliýa — 0:0

Maýamidäki (Florida ştaty, ABŞ) «Hard Rok» stadionynda geçirilen we 64 müňden gowrak tomaşaçyny ýygnan duşuşyk şowsuz, golsuz deňme-deňlik bilen gutardy. Oýun bütinleý diýen ýaly Kolumbiýanyň az-kem artykmaçlygy astynda geçdi.

Duşuşygyň iň soňky pursatlarynda (90+1) «Galatasaraýyň» goragçysy Dawinson Sançes gol urmagy başardy, emma VAR-yň gatyşmagyndan soň bu gol hasaba alynmady: wideogözegçilik oýunçynyň aýagynyň ujunyň ýekeje santimetr meýdançanyň daşynda galandygyny anyklady.

Netijede, duşuşykda gol urulmady we iki ýygyndy topar hem indiki tapgyra geçdi.

K toparçadaky gutarnykly ýagdaý:

  1. Kolumbiýa – 7 utuk (gollaryň tapawudy 4:1);
  2. Portugaliýa – 5 utuk (6:1);
  3. DR Kongo – 4 utuk (4:3);
  4. Özbegistan – 0 utuk (2:11).

J toparça

Alžir — Awstriýa — 3:3

Kanzas-Sitidäki (Missuri ştaty, ABŞ) «Errouhed» stadionynda geçirilen bu duşuşyk hakyky drama öwrüldi.

Oýnuň 28-nji minutynda Marko Arnautowiç Dawid Alabanyň pasyndan soň awstriýalylary öňe geçirdi. 45-nji minutda bolsa alžirliler burçdaky baýdagyň ýanynda top ugrunda berk göreşdiler: Riýad Marez topy Rafik Belgalä geçirdi, ol hem topy alyp, jerime meýdançasyna girdi we garşydaşynyň iki oýunçysyny aldap, derwezäniň ýakyn burçuna güýçli zarba urdy – derwezeban hatda gymyldap hem ýetişmedi (1:1).

55-nji minutda Marsel Zabitser (Konrad Laýmeriň pasy) özüniň zarbasy bilen Awstriýany ýene-de öňe geçirmegi başardy. 62-nji minutda bolsa eýýäm Riýad Mareziň özi Ussem Auaryň beren pasyny derwezäniň eýesiz burçuna gönükdirdi: 2:2.

Oýnuň esasy wagtyna goşulan 90+4-nji minutda Marez ýene-de Auaryň pasyndan soň jerime meýdançasyna urgy bilen girip, topy derwezäniň uzak burçuna ýollady we dubl etdi. Emma 90+6-njy minutda Awstriýanyň ýygyndysy deňligi gapyp gaýtmagy başardy: Mihael Gregorisiň topy geçirmeginden soň, Saşa Kalaýjiç kelle arkaly topy bat bilen derwezä girizdi.

Şeýlelikde, Awstriýa 4 utuk toplap, toparçada ikinji ýeri eýeledi we ýaryşy dowam etdirýär.

Iordaniýa — Argentina — 1:3

Milli ýygyndylaryň arasyndaky duşuşyk ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Arlington şäherindäki «Ei-Ti-end-Ti» stadionynda geçirildi.

Oýnuň 19-njy minuynda Argentinanyň we «Real Betis» toparynyň futbolçysy Jowani Lo Çelso jerime urgusy bilen hasaby açdy. 31-nji minutda bolsa Lautaro Martines 11 metrlik penaltini takyk ýerine ýetirip, öz toparynyň artykmaçlygyny iki esse artdyrdy.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda Iordaniýanyň futbolçylary hüjüme okduryldylar we 55-nji minutda hasabyň aratapawudyny azaltdylar. Ehsan Haddadyň asmandan gaýdyryp beren pasyny Musa Al-Tamari derwezä gönükdirdi.

Oýnuň 60-nji minudynda meýdança Lionel Messi düşdi. Ol hem öz gezeginde jerime urgusyny gola öwrüp, Argentinanyň üçünji goluny urdy we duşuşygyň gutarnykly hasabyny kesgitledi – 1:3. 39 ýaşly argentinaly super ýyldyz bu goly bilen nobatdaky taryhy rekordyny täzeledi. Rekorda görä, ol dünýä çempionatlarynda yzygiderli 7 oýundan bäri meýdançandan golsuz çykmaýar. Dünýä futbolynyň taryhynda entek hiç bir oýunçy şeýle netije görkezip bilmändi. Öňki rekord fransuz Žüst Fontene (DÇ-1958-de yzygiderli 6 oýunda gol) we brazilyaly Žairzinýo (DÇ-1970-de yzygiderli 6 oýunda gol) degişlidir.

Mundan başga-da, bu gol Messiniň dünýä çempionatlaryndaky jemi 19-njy goly boldy we bu hem çempionatlaryň taryhynda iň ýokary görkezijidir.

Şeýlelikde, argentinalylar mümkin bolan iň ýokary utugy toplap, toparçadan birinji ýer bilen çykdylar. Iordaniýa bolsa ähli oýunlarda utulyp, çempionat bilen hoşlaşdy.

J toparçadaky gutarnykly ýagdaý:

  1. Argentina – 9 utuk (gollaryň tapawudy 8:1);
  2. Awstriýa – 4 utuk (6:6);
  3. Alžir – 4 utuk (5:7);
  4. Iordaniýa – 0 utuk (3:8).

Üçünji ýeri eýeläp, 1/16 jemleýji tapgyra çykan milli ýygyndylar:

  1. DR Kongo – 4 utuk (gollaryň tapawudy 4:3);
  2. Şwesiýa – 4 utuk (7:7);
  3. Gana – 4 utuk (2:2);
  4. Ekwador – 4 utuk (2:2);
  5. Bosniýa we Gersegowina – 4 utuk (5:6);
  6. Alžir – 4 utuk (5:7);
  7. Paragwaý – 4 utuk (2:4);
  8. Senegal – 3 utuk (8:6).

Häzirki wagtda DÇ2026-nyň iň netijeli 10 bombardiri:

  1. Lionel Messi (Argentina) – 6 gol;
  2. Kilian Mbappe (Fransiýa) – 4 gol;
  3. Erling Holand (Norwegiýa) – 4 gol;
  4. Winisius Žunior (Braziliýa) – 4 gol;
  5. Usman Dembele (Fransiýa) – 4 gol;
  6. Deniz Undaw (Germaniýa) – 3 gol;
  7. Ýohan Manzambi (Şweýsariýa) – 3 gol;
  8. Mateus Kunýa (Braziliýa) – 3 gol;
  9. Jonatan Dewid (Kanada) – 3 gol;
  10. Ismael Saýbari (Marokko) – 3 gol.

Çempionatyň iň ýakyn wagtdaky duşuşygy:

1/16 jemleýji oýun: GAR (Günbatar Afrika Respublikasy) – Kanada (29-njy iýun, sagat 00:00).


şu gün 13:41
321

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 13:51
9.4k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.4k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......