Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

  • 08.06.2026 16:49
  • 9.3k+

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi.

Bu abraýly baýrak üçin dünýäniň 12 ýurdundan jemi 27 dalaşgär bardy. «Altyn topuň» sekiz gezek eýesiniň dalaşgärligini «Wetusta Uniwersidad de Owýedo Triatlon» klubunyň prezidenti Dawid Gonsales Alonso öňe sürdi. 

Baýragyň gowşurylyş dabarasy şu ýylyň oktýabr aýynda bolar. Ýeňijä ispan hudožnigi Žoan Mironyň ýasan heýkeli, diplom, ýadygärlik nyşany we 50 müň ýewro möçberinde pul baýragy gowşurylar.

Messi Ispaniýanyň çempionatynyň, «Barselona» klubunyň we Argentinanyň milli ýygyndysynyň taryhyndaky iň gowy bombardirdir. Ol öz milli ýygyndysynyň düzüminde 2021-nji we 2024-nji ýyllarda Amerikanyň Kubogyny, 2022-nji ýylda «Finalissimany», şeýle hem 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatyny utdy.

Futbolçy 2026-njy ýylyň 11-nji iýuny we 19-njy iýuly aralygynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek dünýä çempionaty üçin Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzümine hem girizildi. Toparçalaýyn tapgyrda argentinalylar Alžiriň, Awstriýanyň we Iordaniýanyň ýygyndy toparlary bilen oýnar.


şu gün 13:41
6.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
5.4k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 13:51
9.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......