Globe Soccer Awards-yň ýeňijileri yglan edildi: Ýamal — iň oňat hüjümçi, Dembele — ýylyň oýunçysy, Ronaldu — Ýakyn Gündogarda iň gowy

  • 29.12.2025 13:42
  • 17k+

Abraýly Globe Soccer Awards baýragynyň eýeleri mälim edildi. Sylag gowşurylyş dabarasy Dubaýda (BAE) geçirildi.

Bu ýyl baýraklaryň agramly bölegine «Pari Sen-Žermen» (PSŽ) toparynyň wekilleri mynasyp boldular. Fransuz kluby geçen möwsümde Çempionlar ligasyny, Fransiýanyň çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny gazandy, şeýle-de Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çenli ýetdi. Parižliler mundan başga-da UEFA-nyň Superkubogyny we Yklymara Kubogy (Intercontinental Cup) eýelediler.


PSŽ-niň hüjümçisi Usman Dembele ýylyň iň oňat futbolçysy diýlip ykrar edildi. Mundan ozal ol «Altyn top» baýragyny alypdy we FIFA-nyň wersiýasy boýunça hem ýylyň iň gowy futbolçysy bolupdy.
Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştiano Ronaldu bolsa yzly-yzyna üçünji gezek Ýakyn Gündogaryň iň oňat futbolçysy baýragyna mynasyp boldy.
Esasy ugurlar boýunça ýeňijileriň sanawy:

  • Iň oňat erkekler kluby: PSŽ;
  • Iň oňat milli ýygyndy: Portugaliýa;
  • Iň oňat tälimçi: Luis Enrike (PSŽ);
  • Ýylyň iň oňat futbolçysy: Usman Dembele (PSŽ);
  • Iň oňat zenan futbolçy: Aitana Bonmati («Barselona»);
  • Maradona adyndaky baýrak we iň oňat hüjümçi: Lamin Ýamal («Barselona»);
  • Iň oňat ýarym goragçy: Witinýa (PSŽ);
  • Ýylyň dolanyşygy: Pol Pogba («Monako»);
  • Iň oňat ýaş oýunçy: Dezire Due (PSŽ).

Ýörite baýraklar serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiçe hem-de tomusda ýol heläkçiliginde aradan çykan Portugaliýanyň ýygyndysynyň we «Liwerpulyň» öňki oýunçysy Diogo Žota (merhumyň hatyrasyna) berildi.
Globe Soccer Awards baýragy Ýewropa klublar birleşigi we Ýewropa futbol agentler birleşigi tarapyndan guralýar. Ýeňijiler janköýerleriň ses bermegi hem-de futbol tälimçilerinden we menejerlerinden ybarat bolan emin agzalarynyň karary esasynda kesgitlenilýär.


şu gün 19:10
585

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 10:53
4.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....