«Barselonanyň» wingeri Lamin Ýamal karýerasynda ilkinji gezek het-trik etdi

  • 01.03.2026 10:48
  • 7.7k+

Ispaniýanyň çempionatynyň 26-njy tapgyrynda «Barselonanyň» oýunçylary öz meýdançasynda geçirilen oýunda «Wilýarrealy» 4:1 hasaby bilen ýeňdi.

Bu duşuşykda 18 ýaşly Lamin Ýamal karýerasynda ilkinji gezek het-trik etmegi başardy. Ispaniýaly oýunçy 28-nji, 37-nji we 69-njy minutlarda üç gol geçirdi. Ýeňijileriň ýene bir goluny Robert Lewandowski 90+1-nji minutda geçirdi.

«Wilýarreal» toparynyň oýunçylaryndan Pap Geýe 49-njy minutda gol geçirip tapawutlandy.

Opta-nyň maglumatlaryna görä, Ýamal XXI asyrda Ýewropanyň iň gowy bäş ligasynda 19 ýaşa ýetmänkä 25 gol geçiren ilkinji oýunçy boldy. Häzirki wagtda onuň La Ligada 95 oýunda 27 goly bar.

Bu ýeňişden soň, «Barselona» 64 utuk bilen birinji orunda barýar, «Wilýarreal» bolsa 51 utuk bilen üçünji orunda galýar.

Indiki tapgyrda «Barselona» 7-nji martda «Atletik» (Bilbao) bilen myhmançylykda oýnar.


düýn 15:42
6.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......