Ýamal Winisiusdan öňe geçip, Transfermarkt tarapyndan iň gymmat futbolçy diýlip saýlandy

  • 10.06.2025 21:44
  • 10k+

“Barselonanyň” we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Transfermarkt portaly tarapyndan düzülen dünýäniň iň gymmat futbolçylarynyň reýtinginde birinji orny eýeledi.

Täzelenen reýtingde 17 ýaşly oýunçynyň bahasy 180 mln ýewrodan 200 mln ýewro çenli artdy.

“Ýamal öz 17 ýaşynda futbol taryhyny ýazmagy dowam etdirýär: Ýewrodaky ýeňişden soň ol ýene bir güýçli möwsümi geçirip, La Liganyň çempiony titulyny gazandy. Şeýle-de, ol Çempionlar ligasynda gowy çykyş etdi. Indi onuň öz formasyny saklap, şikes almazlygyna umyt bildirmek galýar” – diýip, portalyň hünärmenleri belledi.

Maý Aýynda Ýamal “Barselona” bilen şertnamasyny 2031-nji ýyla çenli uzaltdy.
Reýtingiň başynda ispaniýaly futbolçy braziliýaly Winisius Žuniordan öňe geçdi. Ozal Winisiusyň bazar bahasy 200 mln ýewro ýetýärdi, ýöne täze reýtingde ol 170 mln ýewro çenli peseldi.
Ýamalyň yzyndan şular ýerleşdi: fransiýaly Kilian Mbappe (“Real”), angliýaly Jud Bellingem (“Real”) we norwegiýaly Erling Holand (“Mançester Siti”). Portal olary 180 mln ýewro bilen bahalandyrdy.


şu gün 19:10
585

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 10:53
4.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....