«Barselona» Remezan aýynda Ýamal üçin niýetlenen ýörite iýmitleniş meýilnamasyny düzdi

  • 23.02.2026 13:43
  • 11k+

​«Barselona» toparyň esasy oýunçylarynyň biri bolan Lamin Ýamal üçin Remezan aýynyň başlamagyna öňünden taýýarlyk gördi. Mundo Deportivo neşiriniň habar bermegine görä, klubuň lukmançylyk we dietologiýa bölümi futbolçy üçin agyz beklemäge we şol bir wagtyň özünde oňyn fiziki ýagdaýyny saklap galmaga mümkinçilik berýän aýratyn iýmitleniş we dikeldiş düzgünini işläp düzdi.

​Ýamal üçin bu esasy toparyň oýunçysy hökmündäki ikinji Remezan aýydyr. Klub onuň gündizine iýmitden we suwdan saklanmagynyň öwezini dolmak, energiýa derejesini saklamak hem-de oýunlardan we türgenleşiklerden soň dikeldiş tapgyryny çaltlandyrmak üçin gündelik tertibini we iýmit sanawyny uýgunlaşdyrdy. Esasy üns agşamky we gijeki sagatlarda bedeniň suw deňagramlylygyny saklamaga hem-de ýokumly maddalaryň deňagramlylygyna gönükdirildi.
​Remezan aýynda Ýamal gijesine birnäçe gezek naharlanýar:

  • ​Agşamara: Gün ýaşandan soň nahar.
  • ​Ýatmazdan öň: Goşmaça iýmit.
  • ​Daňdan: Iň soňky naharlanma.

​Iýmit sanawynda esasan haýal siňýän uglewodlar — däne önümleri, süle, tüwi, kösükliler, çörek, ýeralma we awokado bar. Bu energiýanyň durnukly akymyny üpjün etmäge kömek edýär. Şeýle hem, balyk, towuk, gatyk ýaly beloga baý önümler we hoz, awokado ýaly peýdaly ýaglar ulanylýar. Mundan başga-da, Ýamal agzyny hurma bilen açmak däbine eýerýär.
Ertirki (daňdanky) nahar has jikme-jik oýlanyşylypdyr. Ol has ýeňil bolup, özünde elektrolitleri, şireleri, süýt önümlerini, ýumurtgany hem-de ýeňil siňýän belokly kokteýlleri we iýmit goşundylaryny saklaýar.
​Klub Remezan aýyna taýýarlygy ol başlamazdan öň başlady: tälimçiler we dietologlar oýunçynyň uýgunlaşmagyny ýeňilleşdirmek üçin gündelik tertibini öňünden düzediş girizdiler.
​22-nji fewralda «Kamp Nou-da» «Lewanta» garşy geçirilen oýun Ýamalyň agyz bekleýän wagtyndaky ilkinji oýny boldy. Şol oýunda «Barselona» 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýamal bolsa bir netijeli pas bermegi başardy.


düýn 19:10
3.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....