Give me Sport häzirki wagtda dünýäniň iň gowy futbolçysyny atlandyrdy

  • 01.07.2025 18:49
  • 10k+

Give me Sport iňlis neşiri häzirki wagtda dünýäniň iň gowy futbolçylarynyň sanawyny hödürledi. Reýtingde birinji orny “Barselonanyň” ispaniýaly wingeri Lamin Ýamal eýeledi.

Ikinji orunda Usman Dembele (“PSŽ”) ýerleşdi. Onuň yzyndan Mohamed Salah (“Liwerpul”), Kilian Mbappe (“Real”), Rafinýa (“Barselona”), Harri Keýn (“Bawariýa”), Robert Lewandowski (“Barselona”), Winisius Žunior (“Real”), Pedri (“Barselona”), Jud Bellingem (“Real”) we Lionel Messi (“Inter Maýami”) gelýär.
Geçen möwsümiň jemi boýunça Ýamal ähli ýaryşlarda “Barselona” üçin 55 oýna gatnaşdy. Ol 18 gol geçirip, 25 assist etdi.
Ýamalyň klub bilen şertnamasy 2031-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. Transfermarkt portalynyň maglumatlary boýunça, oýunçynyň bazar bahasy 200 mln ýewro barabar. 


düýn 20:28
6.8k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
9.2k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.2k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....